Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Bütindünýä Gümrük Guramasynyň (BGG) Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçen Tehnologiýa maslahatyna we sergisine gatnaşdy.
Çäräni hususy pudaga degişli kompaniýalar, şol sanda maslahatyň hemaýatkäri «Webb Fontaine» bilen bilelikde Braziliýanyň Federal girdeji sekretariaty gurady.
«Sanly çäkler: Gümrükleriň adaty we täze hyzmatdaşlar bilen innowasiýany özüne siňdirmegi» şygary bilen geçirilen maslahata 117 ýurtdan takmynan 1300 wekil gatnaşdy.
Çykyş edenler bütindünýä söwda howpsuzlygynda gümrügiň ornuny güýçlendirmekde tehnologiýanyň üýtgediji täsirini, durnukly tejribäni öňe sürmegiň we durnukly üpjünçilik ulgamyny döretmegiň ähmiýetini nygtadylar.
Çäräniň çäginde «Hyzmatdaşlyk we üznüksiz söwda üçin innowasiýa arkaly täze tehnologiýa» atly ýokary derejeli «tegelek stol» geçirildi. Maslahata gatnaşanlar gümrük amallaryny özgertmekde netijeliligi ýokarlandyrmak, hakykat ýüzünde töwekgelçiligi dolandyrmagy gowulandyrmak we serhetüsti hyzmatdaşlygy ýeňilleşdirmek üçin anyk strategiýalary görkezmek bilen, maglumatlara esaslanýan innowasiýalaryň hem-de täze tehnologiýalaryň möhüm ornuny bellediler.
2024-nji ýylyň 14-nji noýabryna meýilleşdirilen maslahatda emeli aň güni, emeli aňyň gümrük edaralarynda dürli goşmaçalarda ulanylyşyna, kadalaşdyryjy jähetleri, şertleri, howplary we onuň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly kynçylyklary ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlandy.