Ï Aşgabatda Koreý medeniýetiniň günleri geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda Koreý medeniýetiniň günleri geçirildi

view-icon 1660
Aşgabatda Koreý medeniýetiniň günleri geçirildi
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Aşgabatda şu ýylyň güýzi dostlukly ýurtlaryň medeniýet günleriniň yzygiderli geçirilýän paslyna öwrüldi. Ýakynda geçen Russiýa Federasiýasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günlerinden soň Koreýa Respublikasynyň ilçihanasy-da 22-23-nji noýabrda öz medeniýet günleriniň çäginde türkmen halkyny medeniýeti we däp-dessurlary bilen tanyşdyrdy.

22-nji noýabrda hemmeler üçin açyk medeni maksatnamanyň amala aşan ýeri «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezine ýygnanan türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary we myhmanlary ertiriň mylaýym myhmansöýer howasy bilen gurşaldy. Bu ýere gelenler Koreýanyň fotosurat zolagynyň ýerliginde adaty manzaralaryň we gözel ýerleriň suratlary bilen tanşyp, surata düşdüler. Bu ýerde myhmanlar üçin Koreý milli açar baglaryny we aýnalary ýasamak üçin sowgatlyk esbaplar taýýar edilip goýlupdyr.

Koreýadan ýörite meşhur tagamlar getirildi we myhmanlara dadymlyk hödürlendi. Gelenleriň aglabasy çagaly bolansoň, ýakymly saz astynda geçen bu köp adamly çäre oňa gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy we olarda Koreý medeniýeti barada has köp zat öwrenmek islegini döretmek bilen, ylham bagyş etdi.

23-nji noýabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky sazly drama teatrynda konsert boldy, onda Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň sazandalyk etmeginde koreýaly ýerine ýetirijiler-de çykyş etdiler. Konsert maksatnamasyna söýgini, tebigaty we durmuş gözelligini wasp edýän koreý liriki eserleri we meşhur opera aýdymçylary – tenor sesli aýdymçy Kwon Hwapýonyň we messo-soprano sesli ýerine ýetiriji Kwon Mijiniň ýerine ýetiren dünýä aýdym-sazynyň ajaýyp eserleri girdi. Kwon Hwaphýoň Koreýanyň Milli sungat uniwersitetiniň we Wena sazçylyk uniwersitetiniň uçurymy, Otto Edelman (2024), Gans Gawor Belweder (2024) adyndaky halkara aýdym bäsleşikleriniň ýeňijisidir. Ol diňe Koreýada däl, ABŞ-da, Awstriýada we beýleki ýurtlarda-da giňden tanalýar. Messo-soprano sesli Kwon Miji hem abraýly baýraklaryň eýesi. Ol Köňgido uniwersitetini tamamlap, aýdym-saz bilimini daşary ýurtda alypdyr.

Koreý artistleriniň çykyşlary tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Däp bolup gelýän koreý aýdym-saz sungatyny, dünýäniň nusgawy operaçylarynyň meşhur eserlerini we türkmen sazandalarynyň ussatlygyny özünde jemlän bu konsert halkara medeni gepleşikleriň ähmiýetini we zerurlygyny tassyklaýan şu güýzüň ajaýyp medeni wakasy boldy.