Ï Beýik Britaniýadan ýüzden gowrak gymmatly golýazma getirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Beýik Britaniýadan ýüzden gowrak gymmatly golýazma getirildi

view-icon 2762
Beýik Britaniýadan ýüzden gowrak gymmatly golýazma getirildi

25-nji noýabrda bolup geçen iş mejlisinde eden çykyşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy pederlerimiziň şöhratly geçmiş taryhymyzyň biziň günlerimize gelip ýetmeginde uly işleri bitirendigini, häzirki nesilleriň borjunyň bolsa ony indiki nesillere ýetirmekdigine ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglanyşyklylykda, häzirki wagtda Türkmenistanda halkymyzyň taryhy gymmatlyklaryny we edebi mirasyny öwrenmek, gorap saklamak we tutuş dünýäde wagyz etmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Bu nukdaýnazardan, Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly täze eseri möhüm ähmiýete eýedir. Bu eserde Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň umumadamzat gymmatlyklaryna, şöhratly taryhymyza we milli medeniýetimiziň dünýä siwilizasiýasyna goşandyna bagyşlanan maglumatlar jemlenipdir.

Milli medeni mirasy öwrenmek we gorap saklamak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işe Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary hem goşant goşýarlar. Olar “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda birnäçe Aziýa we Ýewropa ýurtlarynda ylmy saparlarda bolup, beýik şahyrymyzyň döredijilik mirasyna, taryhymyza, edebiýatymyza, sungatymyza we halkymyzyň däp-dessurlaryna dahylly taryhy resminamalaryň we golýazmalaryň ýüzlerçe nusgasyny getirdiler.

Golaýda institutyň işgärleri Amandurdy Nuraýew we Güýçmyrat Çaňlyýew Beýik Britaniýa we Demirgazyk Irlandiýa ylmy sapardan gaýdyp geldiler. Olar 2 – 23-nji noýabr aralygynda Londonda we Mançesterde şunuň ýaly çeşmeleriň ylmy agtaryşyny geçirmek bilen, tekjelerinde 170 milliondan gowrak kitaby öz içine alýan Beýik Britaniýanyň milli kitaphanasynyň kitaplarynyň we golýazmalar ýygyndylarynyň, şeýle hem seýrek taryhy çeşmeleriň ýygyndysyny özünde jemleýän “Jon Raýländ ylmy agtaryş instituty we kitaphanasynyň” kataloglaryny öwrendiler. Türkmen alymlary ýurdumyzyň alymlaryna nämälim we ozal Türkmenistana getirilmedik golýazmalary agtarmaga aýratyn üns bermek bilen, ol ýerlerde saklanýan türkmen halkynyň taryhyna, medeniýetine we sungatyna dahyly bolan golýazmalary öwrendiler.

Alymlar geçiren işiniň netijesinde 107 sany gymmatly golýazmanyň, şol sanda Magtymguly Pyragynyň “Diwanynyň” elektron nusgalaryny we Huseýn Baýgara, Mäne baba, Enweri, Alyşir Nowaýy, Fizuli, Abdurahman Jami, Lutfi we beýleki tanymal şahsyýetler tarapyndan döredilen türkmen halkynyň taryhy bilen baglanyşykly eserleriň elektron nusgalaryny getirdiler. Mundan başga-da, türkmen taryhy, medeniýeti we däp-dessurlary barada gyzykly maglumatlary, şeýle hem birnäçe alymyň tanymal gündogar şahyrlarynyň köpüsiniň eserleriniň nusgalaryny özünde jemleýän eserleriniň elektron nusgalary getirildi. Bu täze taryhy çeşmeler alymlara Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny has çuňňur we hemmetaraplaýyn öwrenmäge kömek eder.