Ï Türkmenistan möhüm üstaşyr ulag merkezi hökmünde mümkinçiliklerini artdyrýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan möhüm üstaşyr ulag merkezi hökmünde mümkinçiliklerini artdyrýar

view-icon 1624
Türkmenistan möhüm üstaşyr ulag merkezi hökmünde mümkinçiliklerini artdyrýar

Aşgabatda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahaty we sergi dünýäniň onlarça ýurdunyň wekillerini bir ýere jemledi.

Soňky ýyllarda ulag ulgamynyň ösüşi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryndan birine öwrüldi. Garaşsyzlyk ýyllarynda döwrebaplaşmagy ep-esli çaltlaşdyran ulag we aragatnaşyk ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýär. «Açyk gapylar» syýasatyny durmuşa geçirmek bilen, Türkmenistan halkara hyzmatdaşlary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär we gadymy döwürde Gündogary Günbatar bilen birleşdiren Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegine möhüm goşant goşýar.

Sebit we dünýä ähmiýetli ýokary derejeli maslahatlaryň we sergileriň yzygiderli geçirilmegi ýurduň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy we innowasiýa çözgütlerini ösdürmäge ygrarlydygyny görkezýär.

Häzirki foruma gatnaşyjylaryň biri-de Gazagystanyň öz işlerini ilkinji gezek sergä hödürlän «LogSoft» kompaniýasy boldy. Bu kompaniýa demir ýol ýük daşamak bilen meşgullanýar, esasy ugry bolsa däne we ürgün mineral ýükleri daşamakdyr. Onuň tehnika merkezinde müň ýarymdan-da köp wagon bar, esasy ugurlary bolsa Gazagystanyň, Russiýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň üstünden geçýär. Şeýle hem Ýewropa, Italiýa, Türkiýä we Baltika ýurtlaryna ýük eltýär.

Kompaniýa demir ýol ulgamynyň sanlylaşdyrylmagyna aýratyn üns berýär. «Logsoft» Russiýanyň «Daubit» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda nyrh dolandyrylyşy, logistika we maglumat derňewi ýaly amallary awtomatlaşdyrmak üçin maksatnama üpjünçiligini işläp düzýär.

Halkara maslahat we sergi diňe bir Türkmenistanyň ulag pudagynda gazanan üstünliklerini görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, onuň dünýä ulag we üstaşyr hyzmatlary bazarynda möhüm ornunyň bardygyny görkezdi. Ol halkara hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikler açdy we sebitiň bütin dünýä ýol açýan ulag geçelgeleriniň durnukly ösüşini üpjün etmekde strategik ähmiýetini tassyklady.