Ï Türkmenistanyň wekiliýeti SPEKA 2024 Ykdysady forumyna we SPEKA-nyň Ýolbaşçylar geňeşiniň 19-njy mejlisine gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň wekiliýeti SPEKA 2024 Ykdysady forumyna we SPEKA-nyň Ýolbaşçylar geňeşiniň 19-njy mejlisine gatnaşdy

view-icon 1672
Türkmenistanyň wekiliýeti SPEKA 2024 Ykdysady forumyna we SPEKA-nyň Ýolbaşçylar geňeşiniň 19-njy mejlisine gatnaşdy

2024-nji ýylyň 26-28-nji noýabry aralygynda Duşenbe şäherinde SPEKA günleriniň çäklerinde «SPEKA sebitinde ýaşyl ösüş» atly mowzuk bilen BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň – SPEKA 2024 Ykdysady forumy, şeýle hem SPEKA-nyň Ýolbaşçylar geňeşiniň on dokuzynjy mejlisi geçirildi.

Forumyň we mejlisiň işine agza döwletleriň hökümetleriniň, BMG-niň agentlikleriniň we maksatnamalarynyň, degişli halkara we sebit guramalarynyň, halkara maliýe institutlarynyň, şeýle hem hususy pudagyň, ylmy düzümleriň we raýat jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary B.Ýalakowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet türkmen tarapyna wekilçilik etdi.

Şu gezekki forumyň gün tertibine SPEKA agza ýurtlaryň «ýaşyl» ykdysady ösüşi bilen bagly meseleler, hususan-da suw we energetika howpsuzlygy we howanyň üýtgemegi, ulag, «akylly» söwda, durnukly ösüşiň hatyrasyna innowasiýalar we tehnologiýalar we gender deňligi ýaly ugurlar boýunça pikir alyşmalar girizilidi.

Forumda çykyş eden türkmen tarapy birnäçe möhüm meseleler boýunça Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan etdi. Hususan-da, «ýaşyl ykdysadyýeti» ösdürmegiň, ekologiýa taýdan kabul ederlikli täze tehnologiýalaryň ulanylmagynyň we daşky gurşawy goraýyş ulgamynda innowasion çözgütleriň işlenip düzülmeginiň ýurduň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýandygy bellenildi.

Milli ykdysadyýetiň depginli we durnukly ösüşini üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklardan oýlanşykly peýdalanmak, türkmenistanlylaryň geljekki nesilleri üçin ýurduň baý ösümlik we haýwanat dünýäsine aýawly garamak babatynda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň we ilkinji nobatda gün we ýel energiýasynyň ösdürilmegi möhüm ugurlaryň hataryndadyr.

Şunuň bilen birlikde, Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň azaltmak boýunça görkezmeleriniň biri hökmünde tebigy gazy öndürmekde, daşamakda we ýerlemekde metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça çäreleriň işlenip düzülmegi barada aýdylýar. Geçen ýylda Dubaý şäherinde geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynyň (COP-28) barşynda ýurdumyz Ählumumy metan borçnamasyna goşuldy.

Nygtalyşy ýaly, metan zyňyndylaryny azaltmak, gün we ýel energiýasyny peýdalanmaga geçmek, ýaşyl wodorody öndürmek mümkinçiligi, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak we energiýany tygşytlamak boýunça çäreleri durmuşa geçirmek, biologiki massalaryň energiýasyny öndürmek mümkinçiligi, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini peýdalanmagyň artykmaçlyklary barada ilaty habarly etmek, şol sanda KHBS-de maglumat beriş hereketlerini geçirmek Türkmenistan we tutuş SPEKA sebiti üçin orta möhletleýin möhüm meseleler bolup durýar.

SPEKA-nyň Ýolbaşçylar geňeşiniň on dokuzynjy mejlisinde türkmen tarapynyň çykyşynda SPEKA sebitinde söwdany ösdürmegiň hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleriniň hatarynda durýandygy sebäpli, ýurtlaryň BSG-nyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň zerurdygy nygtaldy.

Mundan başga-da, SPEKA-nyň Ýolbaşçylar geňeşiniň on dokuzynjy mejlisiniň barşynda 2025-nji ýylda Türkmenistanyň SPEKA-da başlyklyk etmegi, degişli Konsepsiýany we Hereketleriň meýilnamasyny taýýarlamak boýunça meselä garaldy.

SPEKA 2024 Ykdysady forumynyň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul edildi.