Ï «Belawiýa» awiakompaniýasy Türkmenbaşy şäheri bilen Minsk şäheriniň arasyndaky göni uçuşlary amala aşyrýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Belawiýa» awiakompaniýasy Türkmenbaşy şäheri bilen Minsk şäheriniň arasyndaky göni uçuşlary amala aşyrýar

view-icon 1563
«Belawiýa» awiakompaniýasy Türkmenbaşy şäheri bilen Minsk şäheriniň arasyndaky göni uçuşlary amala aşyrýar

Belarus Respublikasynyň «Belawiýa» awiakompaniýasy Bütindünýä durnukly ulag gününe bagyşlanan «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2024» atly halkara sergide we maslahatda iki döwletiň arasynda ýolagçylary gatnatmak boýunça hyzmatlary bilen tanyşdyrdy.

«Belawiýa» awiakompaniýasynyň Türkmenistandaky baş satuw agentliginiň wekili Nabat Ataýewa Türkmenistanyň raýatlary üçin Belarus Respublikasynyň paýtagtyna petekleriň elýeterliligini üpjün etmek üçin mümkin bolan ähli çäreleriň görülýändigini belledi. «Belawiýa» awiakompaniýasynyň peteklerini indi ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda satyn alyp bolýar. Bu esasanam bilim syýahatçylygy üçin amatly, sebäbi ýurdumyzdan Belarusyň ýokary okuw mekdeplerinde müňlerçe talyp okaýar.

Türkmenbaşy şäheri bilen Minsk şäheriniň arasyndaky yzygiderli uçuşlar hepdede iki gezek: Minsk şäherine çarşenbe we şenbe günleri, yzyna bolsa, sişenbe hem-de şenbe günleri amala aşyrylýar.

– Biz halkara gatnaşyklaryny işjeň ýola goýýarys we ösdürýäris – diýip, Nabat Ataýewa gürrüň berýär. – Hyzmatdaşlygy we tejribe alyşmagy berkitmek maksady bilen TPS Travel kompaniýasy şu ýylyň aprel aýynda Minsk şäherinde geçirilen 26-njy «Dynç alyş-24» halkara syýahatçylyk hyzmatlarynyň sergisine gatnaşdy. Bu çäre hyzmatlarymyzy görkezmäge we hyzmatdaşlar bilen işewür gatnaşyklary berkitmäge mümkinçilik berdi, bu bolsa öz gezeginde syýahatçylyk akymynyň ösmegine we Türkmenistanyň raýatlary üçin täze mümkinçilikleriň döredilmegine ýardam eder.

«Belawiýa» we TPS Travel kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy ýurdumyzyň raýatlary üçin täze gözýetimleri açýar, olara diňe bir Belarusyň medeniýeti we gözel ýerleri bilen tanyşmaga däl, eýsem, ýerli kompaniýalar bilen işewür gatnaşyklary işjeň ösdürmäge hem mümkinçilik berýär.