Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň gatnaşmagynda ygtyýarly ykdysady operatorlary özara ykrar etmek baradaky üçtaraplaýyn ylalaşygyň baglaşylmagy Türkmenistanyň Döwlet Gümrük Gullugynyň başlygy bilen Halkara Transport diplomatiýasy merkeziniň ýerine ýetiriji sekretary Igor Runowyň arasyndaky duşuşygyň esasy temasy boldy.
Duşuşyk I.Runowyň Aşgabatda durnukly ulaglar boýunça halkara maslahata, şeýle hem degişli çärelere, esasanam, ministrler ýygnagyna gatnaşmak üçin Türkmenistana eden iş saparynyň çäginde guraldy.
Bu sebitleýin taslamanyň durmuşa geçirilmegi, bu ýurtlaryň üstünden geçýän üstaşyr geçelgeleriniň ösmegine goşant goşar.
Ygtyýarlandyrylan ykdysady operator ulgamy maksatnamasynyň Türkmenistanda tapgyrlaýyn durmuşa geçirilişiniň gidişi barada habar beren türkmen tarapy teklip edilýän üç taraplaýyn taslamany öwrenmäge taýýardygyny aýtdy.