Ï «Dutaryň owazy» aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijilerine diplomlar gowşuryldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Dutaryň owazy» aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijilerine diplomlar gowşuryldy

view-icon 102
«Dutaryň owazy» aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijilerine diplomlar gowşuryldy

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň mejlisler zalynda Moskwanyň Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» atly halkara sungat festiwalynyň çäklerinde geçirilen aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijilerine diplom gowşurmak dabarasy geçirildi.

Şu ýylky bäsleşik Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlandy. Dünýäniň dürli künjeginden ýaş zehinler bäsleşige gatnaşmak üçin wideo-isleglerini iberdiler, olarda aýdym-saz döredijiliginiň bitewiligi we türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň mirasy öz beýanyny tapdy.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň okuwçylarynyň ýeňşi şanly üstünlik boldy. Delfler oýunlaryna we beýleki döredijilik bäsleşiklere gatnaşýan çagalar ýokary netije görkezdiler hem-de öz halypalarynyň mynasyp okuwçylary boldular. Jahanyň dürli künjeklerinden gelip gowşan diplomlar we hoşallyk hatlary şu dabara sebäp boldy.

Moskwanyň Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» VIII halkara sungat festiwalynyň guramaçylyk komiteti dürli ýaşly ýeňijileri yglan etdi.

10-12 ýaşly okuwçylaryň arasynda 5-nji synp okuwçysy Sona Nasyrowa 2-nji derejeli diploma, şeýle hem 6-njy synp okuwçysy Mälikguly Dolyýew 1-nji derejeli diploma mynasyp boldular. 

15-17 ýaşlylardan 12-nji synp okuwçylary Nurana Nuryýewa we Aýperi Borjakowa 3-nji, Elina Gurbanowa 2-nji derejeli ýeňijiler boldular.

Sona Nasyrowa, şeýle hem Moskwada geçirilen «Saz jadysy 2024» II halkara ýokary hünär nusgawy sungat bäsleşiginiň ýeňijisiniň 1-nji derejesini eýeledi.

Üstünlik gazanan çagalaryň hemmesi «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň baýragynyň eýesi, Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň Kirişli saz gurallary bölüminiň müdiri we skripka mugallymy Gözel Seýitnyýazowadan tälim alýarlar, şol bäsleşigiň ýeňijisi Maýa Maksudowa bolsa, olaryň orkestrde ýerine ýetirijiler toparynyň ýolbaşçysydyr.

Gözel Seýitnyýazowa okuwçylarynyň ajaýyp üstünlikleri barada: 

– Okuwçylaryma çäksiz begençden we buýsançdan başga-da, bäsleşikde hiç kimiň beýle köp baýraga mynasyp bolmandygy meni begendirýär – diýdi.

Çagalary ýeňişleri bilen gutlamak galýar. Bu üstünlik ýaş zehinleriň zehinini we erjelligini aýdyň görkezýär, bu bolsa olary saz äleminde geljekde hem üstünliklere ruhlandyrýar.