Ï Şarl Aznawur we Resul Gylyjowyň simfoniki orkestri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Şarl Aznawur we Resul Gylyjowyň simfoniki orkestri

view-icon 182
Şarl Aznawur we Resul Gylyjowyň simfoniki orkestri
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Bu ýyl tutuş dünýäde fransuz aýdymçysy Şarl Aznawuryň doglan gününiň 100 ýyllygy bellenilýär. Ermenistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýardam bermeginde fransuz aýdymçysy, şahyry, kompozitory we asly ermeni kino aktýory Şarl Aznawuryň hatyrasyna konsertini gurady.

Aznawuryň aýdymlary tutuş dünýäde gowy görülýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgündäki konsertde tomaşaçylaryň tutuş zaly doldurmagy-da muňa şaýatlyk edýär. Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky simfoniki orkestr, aýdymçylar Bahar Durdyýewa, Maýsa Nyýazowa, Döwran Şammyýew, Mansur Şaripow, Şasenem Guwerne we kamera hory fransuz aýdymçynyň her bir diňleýjiniň ýüregine ýol ýasan duýgylaryny has çeper beýan etmek üçin yhlas edip, ussatlygyny görkezdiler. 

Aznawury görenleriň aýtmagyna görä, sada çal kostýumly orta boýly bu adam sahna çykandan onuň ýürek töründen çykýan joşgunly aýdymlaryny aýdyp ugrandan diňleýjiler özüniň nirededigini unudardylar.

Bu meşhur aýdymçydan 1000-den gowrak aýdym galdy, olaryň 18-si şol agşam aşgabatly tomaşaçylar üçin ýerine ýetirildi. Olaryň arasynda «Sen bilmelisiň», «Maňa garaşma», «Şol jenan», «Men saňa garaşýaryn», «Bogema», «Yşkyň pidasy», «Baky söýgi» ýaly aýdymlar bar.

Konsertiň ahyrynda «Seniň üçin, Ermenistan» aýdymy aýdymçylaryň ählisi kamera hory bilen bilelikde aýtdylar. Aýdym dabaraly we watançylyk äheňinde ýaňlandy. 1988-nji ýylda Spitakda bolan ýer titremesinden soň fransuz aýdymçysy «Aznawur we Ermenistan» ynsanperwerlik gaznasyny açypdy.

Aýdymçylar we sazandalar konsert çykyşlary ýüregi bilen joşgunly mähirli aýdymçynyň keşbini döretmäge synanyşdylar. Sahnadaky wideoşekillerde Şarl Aznawuryň çagalyk döwründen garrylyk çagyna çenli suratlary görkezildi, netijede şol agşam aýdymlary we özüni halaýan diňleýjiler bilen birlikde ömrüni täzeden ýaşan ýaly boldy.