Ï Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit wekilligi Türkmenistanda boldular
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit wekilligi Türkmenistanda boldular

view-icon 1896
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit wekilligi Türkmenistanda boldular

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit wekilligi saglyk pudagynda täsirli sanly aragatnaşyk endiklerini güýçlendirmek üçin Türkmenistanda saparda boldular.

Wekilligiň sapary, şeýle hem saglygy goraýyş pudagynda immunitet döretmek bilen baglanyşykly ýüze çykýan howply ýagdaýa garşy göreşmek endiklerini ösdürmäge gönükdirilipdi.

Wekilligiň düzüminde BSGG-niň Ýewropa bilermenleri Katarina Reýnen-de-Kat we Sif Malu Nilsen dagy bardy.

Sapara gelenler türkmençe «Immuna patrullygy» atlandyrylýan immuna ulgamy we immunitet döretmek boýunça täze okuw moduly bilen tanyşdylar.

«Immuna patruly» BSSG-niň Ýewropa sebit wekilligi tarapyndan 10-12 ýaşly okuwçylar üçin işlenip düzülen oýun terzli okuw modulydyr.