Daşoguzda täze sürüjilik mekdebini ulanylmaga bermek üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Mekdep binasy «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň buýurmasy bilen Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz «Demirbetonönümleri» zawodynyň gurluşyk bölüminiň hünärmenleri tarapyndan guruldy. Oguz han köçesinde ýerleşýän täze binanyň umumy meýdany üç ýarym gektardan gowrak.
Täze bina toplumyna bilim binasy, garaž boksy, awtoulag ýuwulýan ýer, dolandyryş otagy we gözegçilik nokady, suw, elektrik we ýylylyk bilen üpjün etmek üçin tehniki desgalar toplumy hem-de ulagy dolandyrmagyň tälim meýdançasy girýär. Tutuş mekdep meýdany yşyklandyrylan we abadanlaşdyrylan.
Täze mekdep köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini öwretmek, ulag sürüjilerini halkara talaplaryna laýyklykda taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak üçin zerur bolan ýöriteleşdirilen elektron enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr.