Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkeziniň wekilleri 26-28-nji noýabrda Almatyda (Gazagystan) geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň serhet we gümrük gulluklarynyň okuw edaralarynyň ýolbaşçylarynyň sebitleýin maslahatyna gatnaşdylar.
Çäre Merkezi Aziýa serhet dolandyryş maksatnamasynyň çäklerinde guraldy. Hyzmatdaşlygy ösdürmäge, innowasion okuw usullaryny alyşmaga we emeli aň ýaly täze tehnologiýalary bilim işleriniň integrasiýasyna bagyşlandy. Merkezi Aziýa we Ýewropa ýurtlarynyň bilermenleri bilim işlerinde öňdebaryjy tejribäni paýlaşdylar.
Şeýle hem çärä gatnaşyjylar serhet we gümrük gulluklary üçin işgärleri taýýarlamak ulgamynda innowasion çözgütleri hem-de üýtgeşmeleri durmuşa geçirmek boýunça işleriň netijeleri bilen tanyşdyryldy. Maslahatda bilimde we işgärleri dolandyrmakda emeli aň ulanylmagy, şeýle hem innowasion okuw usullary ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň netijesi boýunça 2025-nji ýyl üçin çäreleriň meýilnamasy ylalaşyldy.