Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow: – Iň esasysy bolsa, parahatçylyk filosofiýasyny ilerledip, ýurtlarymyzyň Liderleriniň bu syýasatyny durmuşa geçirmelidiris
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow: – Iň esasysy bolsa, parahatçylyk filosofiýasyny ilerledip, ýurtlarymyzyň Liderleriniň bu syýasatyny durmuşa geçirmelidiris

view-icon 1550
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow: – Iň esasysy bolsa, parahatçylyk filosofiýasyny ilerledip, ýurtlarymyzyň Liderleriniň bu syýasatyny durmuşa geçirmelidiris

Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň Budapeştde geçirilen 16-njy mejlisinde eden çykyşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow abadançylyk, parahatçylyk, birek-birege hormat goýmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan halk diplomatiýasyny bilelikde ilerletmäge çagyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, iň esasysy bolsa, parahatçylyk filosofiýasyny ilerledip, ýurtlarymyzyň Liderleriniň bu syýasatyny durmuşa geçirmelidiris. Muňa Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi we geljek – 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi ýardam edýär .

Parahatçylyk dörediş başlangyçlaryny we Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň halklaryň arasyndaky dostlugy we doganlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen işlerine maglumat goldawy üçin türkmen halkynyň Milli Lideri geňeşiň gazetini ýa-da žurnalyny we web-saýtyny döretmegi teklip etdi.

Geljek ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilmegine 30 ýyl dolýandygyny belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow, şeýle hem 2025-nji ýylda ýurdumyzyň Bitaraplygynyň baýramyna gabatlap, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň mejlisini Aşgabatda geçirmegi teklip etdi.