Ï Türkmen hünärmenleri adam hukuklary guramalarynyň arzalara garamak boýunça halkara tejribesi bilen tanyşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen hünärmenleri adam hukuklary guramalarynyň arzalara garamak boýunça halkara tejribesi bilen tanyşdylar

view-icon 1538
Türkmen hünärmenleri adam hukuklary guramalarynyň arzalara garamak boýunça halkara tejribesi bilen tanyşdylar

BMG-niň Ösüş maksatnamasy we Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwany BMGÖM-üň halkara adam hukuklary boýunça hünärmeni Georgiý Tuguşiniň gatnaşmagynda şikaýatlary kabul etmegiň we olara garamagyň usulyny kämilleşdirmek boýunça maslahat geçirdi.

Adalatçynyň diwanynyň, degişli ministrlikleriň we müdirlikleriň, hukuk goraýjy edaralaryň we jemgyýetçilik birleşikleriň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen çäräniň esasy maksady Pariž ýörelgelerine laýyklykda, şikaýatlary kabul etmegiň we olara garamagyň halkara tejribesi bilen tanyşdyrmakdy. Maslahatyň dowamynda Adalatçynyň diwany tarapyndan arzalary kabul etmegiň we olara garamagyň tertibini düzgünleşdirýän hukuk binýadyna, şeýle hem adam hukuklaryny goraýjy milli guramalar tarapyndan şahsy we köpçülikleýin arzalary kabul etmek hem olara garamak boýunça halkara öňdebaryjy tejribä syn berildi.

Bilermeniň çykyşynda bozulan hukuklary dikeltmek, şeýle hem döwlet edaralary we hususy pudak bilen aragatnaşyk usullary ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem adam hukuklaryny goraýjy milli edaralaryň ýerli we merkezi ýerine ýetiriji häkimiýetler, metbugat we jemgyýetçilik guramalary bilen hyzmatdaşlygy boýunça teklipleri taýýarlamagyň möhümdigi nygtaldy.

Işgärleri taýýarlamak, maglumat ýygnamak we degişli statistika ýöretmek meselesine aýratyn üns berildi. Maslahata gatnaşanlar onda alan maglumatlarynyň ähmiýetini bellediler we hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegini hem tejribe alyşmagyň tarapdarydyklaryny aýtdylar.