Ï Watanymyzyň hem halkymyzyň bähbidine döredijilik we hyzmatdaşlyk ýoly bilen
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Watanymyzyň hem halkymyzyň bähbidine döredijilik we hyzmatdaşlyk ýoly bilen

view-icon 1240

Geçen hepdäniň wakalary türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn strategiýanyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýany boldy. Bu strategiýa ýurdumyzyň innowasion esasda yzygiderli ösdürilmegine, ilata döwlet tarapyndan berilýän durmuş goldawynyň ýokary derejesiniň üpjün edilmegine, Türkmenistanyň halkara abraýynyň has-da belende göterilmegine gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň 25-nji noýabrda geçiren iş maslahatynda sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz gowaça meýdanlaryndaky pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň geçirilişine berk gözegçilik etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şunuň bilen bir hatarda, geljek ýyl möwsümleýin oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary, gurallary abatlamak, welaýatlarda önüm öndürijiler bilen hyzmat edýän edara-kärhanalaryň arasynda şu ýylyň pagta hasyly, geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, sebitlerde Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişini berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

25-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazruini hem-de senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaberi kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda häzirki wagtda türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, durmuş desgalarynyň gurluşygy ýaly ugurlary öz içine alýandygy bellenildi. Iki ýurduň ýangyç-energetika kuwwaty, geografik taýdan amatly ýerleşmegi hyzmatdaşlygy netijeli ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BAE-niň wekilleri bilen geçiren duşuşygynda energetika ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

25-nji noýabrda döwlet Baştutanymyz Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Senatynyň Energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasy, Montana ştatyndan senatory Stiw Deýnsi kabul etdi. Duşuşygyň barşynda soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda işjeň alnyp barylýan syýasy dialogyň durnukly ösüşi, howpsuzlygy üpjün etmek, howanyň üýtgemegi ýaly ählumumy meseleler boýunça netijeli pikir alyşmaga mümkinçilik berýändigi nygtaldy. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýan söwda-ykdysady ulgam hem ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň işiniň uly ähmiýeti bellenildi.

27-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “ÝHHG-niň çäginde parlament diplomatiýasy: dialog — abadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly” atly maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygy hanym Pia Kaumany kabul etdi. Hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada pikir alyşmalaryň dowamynda ykdysady ösüş, energiýa serişdeleriniň dürli ugurlar boýunça durnukly iberilmegini üpjün etmek, ekologik abadançylygy, daşky gurşawy goramak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak ýaly meseleler boýunça tagallalary utgaşdyrmagyň möhümdigi nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekili Žan Todty kabul etdi. Myhman Türkmenistanyň durnukly ulag ulgamynda durmuşa geçirýän işleriniň nusgalyk häsiýete eýedigini belläp, ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 26-njy noýabry “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýip yglan etmek barada kabul eden Kararnamasynyň ähmiýetine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny pugtalandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Degişli kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi bilen bir hatarda, Türkmenistanda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýollar gurlup ulanmaga berilýär. 2022-nji ýylda döredilen Durnukly ulagyň dostlary topary bolsa bu ugurda köptaraplaýyn dialogy ösdürmäge ýardam edýär.

29-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy. Şolaryň hatarynda milli kanunçylygy kämilleşdirmek, bank işini döwrebaplaşdyrmak, nebiti gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen täze önümçilikleri döretmek, welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy ýaly meseleler bar. Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz garamagyna hödürlenilen teklipleri, hususan-da, ýurdumyzyň banklary tarapyndan köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde audit barlaglary boýunça halkara bäsleşikleri yglan etmek, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň suw üpjünçilik ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy mynasybetli Diýarymyzyň ähli künjeklerinde baýramçylyk söwdalaryny geçirmek, Beýik Ýüpek ýolunyň Hazarýaka şahalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça halkara bilermenleriň sebitleýin duşuşygyny geçirmäge görülýän taýýarlyk, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň “Lukmançylyk ylmy we innowasiýalar” atly ylmy elektron žurnalyny döretmek baradaky teklipleri goldady.

Ýurdumyzyň halkara şertnamalaryna, Türkmenistanyň Howa kodeksine we Halkara raýat awiasiýasy guramasy tarapyndan kabul edilen halkara standartlara laýyklykda işlenip taýýarlanylan “Türkmenistanyň Raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasynyň” taslamasy barada aýdyldy. Şeýle-de şu ýylyň martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen döredilen «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk hakynda habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň Milli Liderini we mejlise gatnaşyjylaryň ählisini Gahryman Arkadagymyzyň ata-babalarymyzyň şöhratly geçmişi, taryhda yz goýan şahsyýetlerimiziň nusgalyk ýoly giňden beýan edilýän «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Ruhnama köçesiniň ugrunda 4 sany 4 gatly, her biri 40 öýli ýaşaýyş jaýyny gurmak hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklamak hakynda Kararlara gol çekdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçiren iş maslahatynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilişi, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi hem-de öndürijilikli zähmetiň berkarar bolmagy bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Milli kanunçylygy kämilleşdirmegiň, täze tehnologiýalary, sanly ulgamy özleşdirmegiň, önümçilige intellektual eýeçiligi ornaşdyrmagyň, ylmy toplumlaýyn esasda ösdürmegiň, ykdysadyýetiň ähli pudaklary üçin ýokary hünärli ylmy işgärleri taýýarlamagyň meselelerine aýratyn üns çekildi. Maslahatda Gahryman Arkadagymyz zähmet rugsady wagtynda ýazyp tamamlan «Hakyda göwheri» atly kitabynyň ilkinji nusgasyny görkezdi. Taryhy maglumatlaryň esasynda döredilen eseriň ilkinji tanyşdyrylyş dabarasy Arkadag şäheriniň häkimliginde geçirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy we bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary, gurluşygyna başlanan binalardaky işleriň ýagdaýy, olarda ulanylýan gurluşyk, bezeg serişdeleriniň aýratynlyklary bilen tanyşdy hem-de degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Gahryman Arkadagymyz gurluşyk işleriniň ýokary hiliniň üpjün edilmegi, binalaryň bezeg aýratynlyklary, lukmançylyk klasteriniň, Çeper halyçylyk kärhanasynyň, döwlet muzeýiniň, awtomobil menziliniň desgalarynyň öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagy babatda birnäçe belliklerini aýtdy. Iş maslahatynda şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak, Ýewropa Hil barlaglary jemgyýetiniň halkara hil baýragyny kabul etmek maksady bilen, Arkadag şäheriniň wekiliýetini Awstriýa Respublikasyna iş saparyna ugratmak, şäherde ýokary ekologik derejäni saklamak hem-de şanly seneler, şol sanda Halkara Bitaraplyk güni, Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere aýratyn üns çekildi.

Hormatly Arkadagymyz Akhan we Köpetdag şaýollarynyň çatrygynda ýerleşýän aýlaw ýolunyň gurluşyk meýdançasyna baryp gördi. Milli Liderimiz onuň merkezi künjeginde gurulýan binany “Taýçanak” diýip atlandyrmagyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.

29-njy noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymyň çakylygy boýunça Aksakgallar geňeşiniň agzasy, şeýle hem hormatly myhman hökmünde bu düzümiň 16-njy mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Wengriýa iş saparyny amala aşyrdy.

Gahryman Arkadagymyz mejlisde çykyş edip, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmäge gönükdirilen teklipleriň birnäçesini beýan etdi. Hususan-da, bilelikde halk diplomatiýasyny öňe sürmegiň zerurdygy nygtaldy. Bu diplomatiýanyň özeninde abadançylyk, parahatçylyk, birek-birege hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri durýar. Şeýle hem hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde öňde durýan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin geňeşiň agzalarynyň TDG-ä agza döwletleriň Baştutanlaryna anyk teklipler bilen ýüzlenmegiň we şol teklipleri durmuşa geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Gahryman Arkadagymyz Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň geljek ýyldaky soňky mejlisini ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 30 ýyllyk ýubileýine gabatlap, Aşgabatda geçirmegi teklip etdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşini geljekde “Ýaşulular geňeşi” diýip atlandyrmagy hem-de şu nukdaýnazardan ugur alyp, bu düzümiň “Hormatly il ýaşulusy” diýen sylagyny we onuň nyşanyny döretmek başlangyjyny öňe sürdi. Geňeşiň öz habar beriş serişdesini — gazetini ýa-da žurnalyny, internet saýtyny döretmek teklibi hem beýan edildi.

Geçen hepdäniň beýleki wakalarynyň hatarynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara maslahaty we sergini görkezmek bolar. Oňa dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan 600-e golaý wekil gatnaşdy. Forumyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça “Hemmeler üçin howpsuz ýollar” atly çäresi hem geçirildi.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy geçirildi. Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda Türkmen-hytaý ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk merkezini döretmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylan esasy mowzuklaryň biri boldy. Geçirilen duşuşyklaryň we “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikleriň dowamynda ylmy edaralaryň hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Forumyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «ÝHHG-niň çäginde parlament diplomatiýasy: dialog — abadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly» atly ikinji Aşgabat maslahaty geçirildi. Maslahat Türkmenistanyň Mejlisi hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy bilen bilelikde guraldy. Ýurtlaryň arasyndaky köpugurly dialog, parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi berkitmekde parlament diplomatiýasynyň gurallarynyň işjeň ulanylmagy forumyň gün tertibiniň esasy mowzuklary boldy. Parlamentara dostluk toparlarynyň işini kämilleşdirmek, ýaş parlamentarileriň hyzmatdaşlygyny giňeltmek, zenan deputatlaryň işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça Türkmenistanyň başlangyçlaryna we tekliplerine aýratyn üns çekildi.

“Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlyk” ady bilen utgaşykly görnüşde geçirilen halkara maslahatyň esasy maksady agzalan ugurda sebit we ählumumy hyzmatdaşlygy utgaşdyrmakdan ybarat boldy. Forumyň dowamynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň arasynda resminama gol çekildi.

«Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň, şeýle hem «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň kararynyň taslamalaryna garamak Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri boldy. Şunuň bilen birlikde, deputatlar administratiw hukuk bozulmalary, zähmet gatnaşyklary, Adalatçynyň hukuk ýagdaýy, döwlet gullugy, salgytlar, daşary ykdysady gatnaşyklarda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek, ýurdumyzyň halkara şertnamalary, daşary syýasy ugry boýunça gol çekilen ylalaşyklary tassyklamak, degişli konwensiýa goşulmak bilen bagly kanun taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ählumumy parahatçylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine hoşmeýilli erk-islegiň, iň gowy tejribeleri, oňyn pikirleri alyşmagyň esasynda dürli ýurtlardyr halkara guramalar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegi nazarlaýan daşary syýasat strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy.