Ï Paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçirilýär

view-icon 391
Paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçirilýär
camera-icon
Meretdurdy Rozyýew

Şu gün paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy. 

Taryh we milli gymmatlyklaryň bitewiligi taýdan özara baglanyşýan ýurtlar häzirki döwürde ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýärler. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän birnäçe iri taslamalaryň durmuşa geçirilişine türk kompaniýalarynyň işjeň gatnaşmagy, özara haryt dolanyşygyň okgunly ösüş depgini munuň şeýlediginiň güwäsidir. Şu gezekki sergä doganlyk ýurduň köpsanly kompaniýalarynyň gatnaşmagy olaryň geljegi uly türkmen bazarynda iş alyp barmaga gyzyklanmalarynyň uludygyny görkezýär. 

Sergä we işewürler geňeşiniň maslahatyna gatnaşmak üçin Türkiýäniň döwlet edaralarynyň wekillerinden ybarat uly topar, ýurdumyz bilen ozaldan hyzmatdaşlyk edip gelýän, şeýle hem täze önümleri we hyzmat ugurlary bilen türkmen bazaryna girmäge gyzyklanma bildirýän türk kompaniýalarynyň, eksportçylar birleşmeleriniň 70-den gowragynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri paýtagtymyza geldiler. Şu gezekki serginiň esasy maksady dostlukly ýurduň kompaniýalaryna türkmen bazarynda öz önümlerini tanyşdyrmak üçin amatly şertleri döretmekden we täze işewürlik mümkinçilikleri açmakdan ybaratdyr. 

Irden Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň öňündäki meýdançada baýramçylyk gurşawy emele getirildi. Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de köpsanly işewürler gatnaşdylar. Döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly we tansly çykyşlary çärä baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz bu serginiň iki ýurduň dost-doganlyga esaslanýan ygtybarly döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde, haryt dolanyşygyny artdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynam bildirdi. «Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda amala aşyrylýan möhüm ähmiýetli taslamalara türk kompaniýalary işjeň gatnaşyp, üstünlikli iş alyp barýarlar» diýlip, Gutlagda bellenilýär. 

Serginiň açylyş dabarasynda çykyş eden Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Ömer Bolat iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary we täzeçil çemeleşmeleri netijesinde söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň düýpli ilerledilendigini belläp, türk kompaniýalarynyň eksport ugurly harytlarynyň türkmen paýtagtyndaky 11-nji sergisiniň ýokary derejede guralmagy üçin döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi. Ol netijeli işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde mümkin bolan ähli tagallalaryň ediljekdigine ynandyrdy. 

Serginiň ikinji gününde türk kompaniýalarynyň täze önümleriniň, döwrebap tehnologiýalarynyň mahabat-tanyşdyryş çäreleri geçiriler. Forumyň jemleýji gününde bolsa oňa gatnaşanlara ýörite diplomlar gowşurylar.