Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň çäginde «Köp sanly bähbitleriň alynmagy üçin Aral deňziniň giňişliginde ýer serişdelerini we ýokary tebigy gymmatlygy bolan ekoulgamlary gorap saklamak we durnukly dolandyrmak» taslamasynyň çäginde agaçlar ekildi.
Çäräniň çäklerinde petdelik tokaý ekoulgamlaryny garyşyk dikeltmegiň innowasion usuly synagdan geçirildi. Bu çemeleşme tokaý ekoulgamlary üçin tebigy we emeli dikeldiş usullaryny birleşdirýär, bar bolan ýaş agaçlaryň hem-de gyrymsy agaçlaryň ösmegini goramagy we ösdürmegi öz içine alýar.
Petdelik ekoulgamyň özboluşly görnüşidir. Olara täsin ösümlik we haýwanat dünýäsiniň tebigy goraghanasy hökmünde garamaly. Şunuň bilen baglylykda, şeýle hem petdeligiň daşky gurşawy emele getirýän we suw saklaýan ähmiýetini göz öňünde tutup, olar gürrüňsiz goralmaga we dikeldilmäge degişlidir. Tebigy taýdan dikelişe ýardam etmek petdelik tokaýlary dikeltmegiň iň netijeli usulydyr. Ol tohumlaryň gögermegi we özünden köpelmegi üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilendir.