Ï Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli çäreler geçirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli çäreler geçirilýär

view-icon 5140
Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli çäreler geçirilýär

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygynyň öňüsyrasynda Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphana ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphanasynyň we Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde guramagynda «Ata-baba halkyň ygrar-messebi, baky Bitaraplyk – bagtyň mesgeni» atly çäre geçirildi.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň halkara derejesinde ykrar edilen Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň ykbal kesgitleýji ähmiýeti bellenildi. Bu ýagdaý döwletimiziň daşary syýasatynyň mazmunyny öňünden kesgitläp, ykdysadyýet we durmuş ulgamynda uly göwrümli milli meýilnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin amatly şertler döretdi we demokratik institutlaryň emele gelmegine hem pugtalanmagyna ýardam etdi. Bitarap Türkmenistan parahatçylygy we howpsuzlygy, halklaryň özara düşünişmegini hem jebisligini üpjün etmäge gönükdirilen möhüm halkara başlangyçlaryň awtory boldy. Çärede çykyş edenleriň belleýşi ýaly, ýurdumyz hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygyny ähli ugurlarda täze üstünlikler, halkara derejesinde bolsa oňyn Bitaraplyk ýörelgelerini işjeň wagyz etmek bilen belleýär.

Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphana ulgamy Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň şäher komiteti bilen bilelikde Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary merkezinde Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlap, «Bitaraplyk syýasaty – bagtyýar durmuşyň gözbaşy» atly çäre geçirdi. Onda çykyş edenler Bitaraplygyň häzirki döwürde türkmen halkynyň abadançylygyny we bagtly durmuşyny kesgitleýändigini bellediler.

Halkara gatnaşyklaryň we döredijilik başlangyçlaryň, şol sanda syýasy, ykdysady, taryhy hem medeni jähetleriň, adamlaryň bagtly we abadan durmuşynyň konstruktiw ösüşi hemişelik Bitaraplyk bilen baglanyşyklydyr. Türkmenistanda otuz ýyla golaý Bitaraplyk döwründe aňynda parahatçylygyň we howpsuzlygyň asylly ýörelgeleri kök uran we halkyň umumy bähbidi üçin dostlugyň hem-de hyzmatdaşlygyň ähmiýetine düşünýän täze nesliň ösüp ýetişmegi möhüm hadysadyr.