Ï «Farap awtoýollary» gümrük nokadynyň täze binalar toplumy açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Farap awtoýollary» gümrük nokadynyň täze binalar toplumy açyldy

view-icon 1669
«Farap awtoýollary» gümrük nokadynyň täze binalar toplumy açyldy
camera-icon
Merdan Orazow

Hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda döwletimiziň ulag-üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini has-da artdyrmaga uly itergi berjek Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Farap awtoýol gözegçilik-geçiriş ýerindäki «Farap awtoýollary» gümrük nokadynyň durky düýpli täzelenen täze döwrebap binalary we desgalary dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi. 

Açylyş dabarasynda edilen çykyşlarda gümrük gullugynyň düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň has-da pugtalandyrylýandygy, harby gullukçylaryň iş we ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli ýokarlandyrylýandygy, Türkmenistanyň gümrük edaralaryny ösdürmegiň 2022–2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň çäklerinde gümrük nokatlarynyň has-da döwrebaplaşdyrylyp, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylýandygy buýsanç bilen bellenilip geçildi. 

Täze ulanylyşa girizilen «Farap awtoýollary» gümrük nokadynda umumy meýdany 456 inedördül metr bolan täze dolandyryş binasy, 486 inedördül metre barabar ulag serişdeleriniň we harytlaryň resmileşdirmesi amala aşyrylýan binalaryň ikisi, umumy meýdany 966 inedördül metre deň bolan awtoulaglara gümrük barlagy geçirilýän gözegçilik bassyrmalaryň ikisi, gulluk itleriniň saklanylýan ýeri, gümrük nokadynyň Türkmenistan we Özbegistan tarapynda derwezeleriň ikisi, şeýle hem birnäçe durmuş we tehniki maksatly döwrebap desgalar guruldy. Şonuň bilen birlikde, bu ýerde öňden bar bolan desgalaryň birnäçesiniň durky düýpli täzelendi. Täze binalaryň we desgalaryň ulanylmaga berilmegi bilen bu gümrük nokadynyň umumy meýdanynyň 5,2 gektar bolanlygyndan 10 gektara çenli giňelendigini belläp geçmek möhümdir. 

Gözegçilik-seljeriş otagynda häzirki zaman aragatnaşyk ulgamynyň kämil tehnologiýalary, döwrebap monitorlar we sanly ulgamyň beýleki enjamlary, awtoulag serişdelerini we harytlar baradaky maglumatlary seljermäge we gümrük gözegçiligini ygtybarly amala aşyrmaga doly mümkinçilik berýär. Şeýle-de dolandyryş binasynda kompýuter enjamlary, döwrebap mebeller we beýleki zerur bolan serişdeler bilen üpjün edilen birnäçe gulluk iş otaglary ýerleşýär. Mundan başga-da dolandyryş binasynda maslahatlar hem-de duşuşyklar geçirmeklige niýetlenen 60 orunlyk mejlisler zaly ýerleşýär.

Täze gümrükhananyň awtoulaglary gümrük barlagyndan ygtybarly geçirmäge mümkinçilik berýän gözegçilik bassyrmalary öňki ýagdaýyndan iki esse ulaldylyp, birwagtyň özünde 16 sany awtoulag serişdelerine gümrük barlagyny geçirmäge niýetlenendir. Bu ýerde ulag serişdeleriniň döwlet belgileri we beýleki maglumatlar ýörite elektron monitorlaryna sanly ulgam arkaly geçirilýär. Gümrük nokadynyň ulag geçirijiligi bir günde her tarapa 250 awtoulaga deň bolanlygyndan, täze binalaryň we desgalaryň gurlup, işe girizilmegi bilen, bir günde 500 awtoulaga, umumylykda bolsa, 1000-e çenli awtoulag serişdesini geçirmeklige mümkinçilik berýär. 

Ýurdumyzyň ulag-üstaşyr geçirijiligini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen tagallalaryň netijesinde gurlan Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Lebap welaýat gümrükhanasynyň «Farap awtoýollary» gümrük nokadynyň täze binalar toplumy ýurdumyzyň ulag-üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini has-da artdyrmaga itergi berer. Bu döredilýän giňişleýin şertleriň we ähli tagallalaryň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýdýarlar.