Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Amaly-bezeg sungat bölüminiň Şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti kafedrasy milli medeniýetimiziň taryhynda möhüm wakalarydyr şahsyýetleri ebedileşdirmäge işjeň gatnaşýar.
Kafedra bu ýyl şekillendiriş sungatyndaky görnükli şahsyýetleriň möhüm we şanly senelerine bagyşlap, köp sanly çap neşirini çykardy. Mysal üçin Türkmenistanyň Halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli, onuň iň meşhur eserleriniň kiçeldilen nusgalary çekilen otkrytkalar çap edildi. Olaryň arasynda Magtymguly Pyragynyň meşhur portreti-de bar. Bu portret 1947-nji ýylda beýik türkmen şahyrynyň keşbiniň iň oňat çeper beýany hökmünde ykrar edilipdi.
Olaryň her biri tomaşaçylara A.Hajyýewiň özboluşly eserleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýän türkmen portretleriniň taryhyna özboluşly gezelençdir. Taslamanyň awtory Güljeren Mämmedalyýewa neşirde suratkeşiň terjimehalyndan möhüm maglumatlary jemläpdir. Bu bolsa onuň diňe bir eserinden lezzet almaga däl-de, eýsem, durmuş ýoluny we sungata goşan goşandyny öwrenmäge-de mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk suratkeşi, Halkara Magtymguly baýragyna iki gezek mynasyp bolan, Türkmenistanyň hormatly ýaşulusy Saragt Babaýewiň unudylmajak eserleri geljekki sungat öwreniji Oguljan Daýewa tarapyndan içgin öwrenilipdir.
Aň-bilim berýän suratlaryň hataryna görnükli heýkeltaraş tarapyndan döredilen ýadygärlikleriň fotosuratlary girýär. Onuň soňky möhüm eserlerinden biri Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenýän ýylda şahyryň Köpetdagyň eteklerini bezän äpet heýkeli boldy.
Döredijilik uniwersitetiniň durmuşyndaky möhüm wakalary görkezýän senenamalar, kitapçalar, depderçeler we albomlar hem gyzykly. Mysal üçin, «Türkmen alabaýy» sergi-bäsleşiginiň netijeleri boýunça talyplaryň işleri bilen katalog çap edildi. Täze neşirleriň arasynda pars suratkeşligi boýunça geçirilen ussatlyk dersleriniň netijeleri esasynda döredilen kitapça tapawutlanýar. Bu ussatlyk dersleri miniatýura, grafika we kalligrafiýa öwrenýän talyplaryň sergisi bilen tamamlanypdy.
– Geljekki sungat öwrenijilerimiz ýurduň we çeperçilik akademiýasynyň durmuşynda ýekeje wakany hem ünsden düşürmezlik üçin köp tagalla edýärler – diýip, şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti bölüminiň müdiri Aýjan Kadyrowa belleýär.
Ýaş hünärmenler kitaplar, senenamalar we otkrytkalar üçin düşünjeleridir olaryň biçüwlerini özbaşdak döredýärler, okyja diňe bir görnetin däl, eýsem, maglumat mazmunly teksti-de bermäge synanyşýarlar. Bu neşirleriň hemmesi geljekki nesiller Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynyň ösüşini gadamma-gadam öwrenip biler ýaly, akademiýanyň kitaphanasyna tabşyrylýar.
Şu günler Döwlet çeperçilik akademiýasynyň galereýasynda «Gujurly ýaşlar» döredijilik sergisi geçirilýär. Sergi ýaş awtorlaryň innowasiýa sungatyny görkezmek üçin hakyky baýramçylyga öwrüldi. Şeýle hem bu ýere gelýänler zehinli sungat öwrenijiler tarapyndan döredilen çap önümlerini görüp bilerler.