Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisi geçirildi. Oňa müdiriýetiň agzalary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa gatnaşdylar.
Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň Garaşsyz döwletimiziň hem-de mähriban halkymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak köp sanly wakalara beslenendigini belläp, bu üstünlikleriň, syýasy, jemgyýetçilik, halkara ähmiýetli wakalaryň halkymyzy belent maksatlara ruhlandyrýandygyny, Garaşsyz Watanymyza buýsanjymyzy has-da artdyrýandygyny nygtady. Milli Liderimiz taryhy wakalara beslenen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň birnäçe mejlisleriniň üstünlikli geçirilendigini hem-de gazna tarapyndan birnäçe dostlukly döwletlere ynsanperwerlik kömekleriniň iberilendigini aýtdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy mejlise gatnaşyjylary “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň üstünlikli jemlenmegi, şeýle hem Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň ýetip gelýän 29 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de indiki ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň halkara derejede giňden bellenilip geçiljekdigine ünsi çekdi hem-de parahatçylyk, ynanyşmak, hoşniýetlilik däplerimizi dabaralandyrjak 2025-nji ýylyň döwletimize üstünlik, halkymyza bagtyýarlyk, dünýä halklaryna dost-doganlyk, Ýer ýüzüne parahatçylyk getirmegini arzuw etdi.
Garaşsyz Watanymyzda bagtyýar nesillerimiziň beden hem ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak döwlet syýasatymyzyň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda ýurdumyzda toplumlaýyn işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletimizde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi her bir çaga mähirli garaýyş bilen howandarlyk edilýändiginiň güwäsidir. Şeýle ynsanperwer işler halkymyzyň geçmiş taryhyndan, ata-babalarymyzyň ajaýyp däplerinden gözbaş alýar diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.
Soňra Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan geçen döwürde alnyp barlan işler; gaznanyň kanunçylyk hukuk namalaryna girizilen üýtgetmeler; gaznanyň serişdeleriniň sarp edilişi; Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi tarapyndan degişli döwürde alnyp barlan işler hakyndaky hasabatlaryň diňleniljekdigini we beýleki degişli soraglara serediljekdigini aýtdy.
Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Şoňa görä-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza wepaly, ukyp-başarnykly nesilleri ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, Diýarymyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman saglygy goraýyş edaralary, kliniki we ylmy-kliniki merkezler bina edildi. Şu ýylyň özünde paýtagtymyzda Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, welaýatlarda saglyk maksatly birnäçe desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi ýurdumyzda ynsan saglygynyň ähli zatdan ileri tutulýandygynyň aýdyň beýanydyr diýip, lukman Arkadagymyz belledi. Arkadag şäherinde döredilen «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy uly işleri durmuşa geçirýär, saglygy goraýyş ulgamynda ulanylýan dürli görnüşli lukmançylyk önümlerini öndürýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy sagdyn ýaş nesli kemala getirmekde möhüm orna eýedir. Gaznanyň işine yzygiderli goldaw bermekde, ýurdumyzda ynsanperwerlik, adalatlylyk, sahawatlylyk däplerini ilerletmek bilen, haýyr-sahawat işini ösdürmekde hormatly Prezidentimiz ägirt uly tagallalary edýär. Täze taryhy eýýamda türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly däpleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsanperwer syýasatynda aýdyň beýanyny tapýar.
Mejlisiň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň geçen döwürde ýerine ýetiren işleri, öňde durýan wezipeler barada çykyş etmek üçin, gaznanyň wise-prezidenti R.Bazarowa söz berdi. Ol, ilki bilen, Milli Liderimizi hem-de hormatly Prezidentimizi ýetip gelýän Halkara Bitaraplyk güni, alym Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly ajaýyp eseriniň halkymyza gowuşmagy bilen gutlady.
Bellenilişi ýaly, ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly asylly ýörelgeler esasynda howandarlyga mätäç çagalaryň hemmetaraplaýyn sagdyn we sazlaşykly ösmegi ugrunda döwlet derejesinde alada edilýär. Ýurdumyzda çagalaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurda kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary netijesinde, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna ýüztutmalar esasynda näsag çagalara jemi 500-den gowrak, diňe şu ýylyň özünde bolsa 261 sany operasiýanyň geçirilendigi, köp sanly çagalarda saglygy goraýyş-öňüni alyş barlaglarynyň amala aşyrylandygy, saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün edilendigi barada aýdyldy. Mundan başga-da, paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň hassahanalarynyň çagalar bölümlerine Germaniýanyň “B.Braun” kompaniýasynyň “Dialog+” kysymly gemodializ enjamlarynyň ornaşdyrylandygy hakynda maglumat berildi.
Gaznanyň wise-prezidenti çykyşynyň dowamynda meýilnama laýyklykda, Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde çagalaryň saglygyny dikeltmek boýunça uly işleriň alnyp barlandygyny, Türkiýe, Ukraina, Owganystan, Russiýa, Täjigistan, Palestina ýaly ýurtlaryň çagalaryna ynsanperwerlik kömekleriniň iberilendigini aýtdy. Täjigistanyň Hatlon welaýatynda ýurdumyzyň gurluşykçylarynyň bina eden mekdebiniň okuwçylaryna gaznanyň hasabyna kompýuterler sowgat berildi, medisina klasteriniň öndürýän çaga iýmitleri doganlyk Owganystana iberildi. BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 57-nji mejlisinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan ynsanperwer işlerine uly üns berilmegi bu düzümiň halkara giňişlikdäki abraýynyň barha belende galýandygyny görkezýär.
R.Bazarow gaznanyň goldaw bermegi esasynda Täze ýyl baýramy, Çagalary goramagyň halkara güni we beýleki şanly seneler mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän çagalar öýlerinde, paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara dürli sowgatlaryň gowşurylandygyny, ol ýerlerdäki uçurymlara kompýuterleriň sowgat berlendigini aýtdy. Çagalaryň arasynda geçirilýän sungat bäsleşiklerine-de gazna tarapyndan hemaýat berilýändigini bellemek gerek. Ýurdumyzda halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala getiren ynsanperwer ýörelgeleriniň rowaçlyklara beslenmegi ugrunda yzygiderli tagalla edýändikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize hoşallyk sözleri aýdyldy.
Gahryman Arkadagymyz hasabaty diňläp, gaznanyň alyp barýan işini yzygiderli kämilleşdirmek, bu ugurda öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda zerur işleri geçirmek meselelerini yzygiderli üns merkezinde saklamagy tabşyrdy we birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň kanunçylyk-hukuk namalaryna girizilen üýtgetmeler barada hasabat bermek üçin gaznanyň hukukçysy M.Hojamberdiýewa söz berildi.
Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda bagtyýar çagalygyň mekany bolan ata Watanymyzda ýaş nesilleriň abadan ýaşamagy üçin ägirt uly mümkinçilikler döredilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy dünýä nusgalyk ynsanperwer ýörelgeleri esasy ugur edinýär. M.Hojamberdiýewa çykyşynyň dowamynda näsag çagalara lukmançylyk kömegini bermegiň we olaryň saglyklaryny dikeltmegiň, derman serişdeleri bilen üpjün etmegiň belent ynsanperwer ýörelgedigini aýratyn nygtady. Şunda jemgyýetimiziň we döwletimiziň howandarlyga mätäç çagalaryň durmuşyna doly derejede gatnaşmaga bolan hukuklarydyr mümkinçilikleri giňedi.
Ol Gahryman Arkadagymyzyň tabşyryklaryndan we gymmatly maslahatlaryndan ugur alnyp, gaznanyň Tertipnamasyna, onuň ýanyndaky Ýaşulular geňeşi hakynda Düzgünnama, gaznanyň müdiriýetiniň düzümine täzeden seredilendigini hem-de olaryň taslamalarynyň taýýarlanylandygyny habar berdi. Gaznanyň agzalan resminamalary onuň esaslandyryjysynyň 2023-nji ýylyň 15-nji aprelinde çykaran 1-nji Karary bilen tassyklanyldy. Gaznanyň işiniň göwrüminiň giňemegi bilen, Tertipnamada kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek bilen bagly guramaçylyk işleriniň möçberi hem artýar. Şunuň bilen baglylykda, Tertipnama gaznanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenilýän we wezipeden boşadylýan iş birlikleri girizildi. Olar gaznanyň dolandyryş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory — wise-prezidenti, bejeriş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory — wise-prezidenti, önümçilik işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory — wise-prezidenti wezipelerinden ybarat. Olar gazna öz ygtyýarlyklarynyň çäginde ýolbaşçylyk edýärler diýlip bellenilip, Tertipnamanyň 13-nji bölegi täze mazmunda beýan edildi. Girizilen wezipeler bilen baglylykda, gaznanyň müdiriýetiniň düzümine gaýtadan seredilip, onuň taslamasy taýýarlanyldy.
Gaznanyň ýanynda hereket edýän Ýaşulular geňeşiniň agzalary tarapyndan Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny berkitmekde, milli däp-dessurlary ösdürmekde, halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesle edep-terbiýe bermekde ýaşuly nesiller tarapyndan degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Tertipnamada gaznanyň Prezidenti tarapyndan döredilýän gaznanyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşi hakyndaky kadalar aýratyn bapda beýan edildi. Agzalan bapda geňeşiň gaznanyň Tertipnamasynda kesgitlenen maksatlaryny guramaçylykly amala aşyrmaga ýardam berýän maslahat beriji topar bolup durýandygy, oňa gaznanyň Prezidentiniň ýolbaşçylyk edýändigi hem-de onuň düzümini we ol hakynda Düzgünnamany tassyklaýandygy beýan edildi. Ýaşulular geňeşiniň maksatlary we wezipeleri, geňeşiň agzalarynyň hukuklarydyr borçlary gaznanyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşi hakynda Düzgünnama bilen kesgitlenilýär. Gaznanyň hukukçysy Ýaşulular geňeşi hakynda Düzgünnamanyň taslamasynyň taýýarlanandygyny aýdyp, olary Gahryman Arkadagymyzyň garamagyna hödürledi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hasabaty diňläp, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işini kämilleşdirmek hakynda Karara hem-de gaznanyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşi hakynda Düzgünnama gol çekdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz kada-kanunçylyga laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Tertipnamasyny we müdiriýetiniň düzümini öz Karary bilen tassyklaýandygyny aýtdy hem-de degişli resminamalara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň düzüminde iki sany wise-prezident wezipeleri döredildi. Olar gaznanyň bejeriş işleri boýunça hem-de senagat ugry boýunça wise-prezidenti wezipelerinden ybaratdyr. Şular barada aýtmak bilen, Milli Liderimiz gol çekilen resminamalara laýyklykda, müdiriýetiň agzalaryny jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda wezipä bellemek baradaky soraglara geçdi.
Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti wezipesine Oguljahan Atabaýewanyň teklip edilýändigini aýdyp, onuň bu wezipede işini nähili alyp barjakdygy bilen gyzyklandy.
O.Atabaýewa özüne bildirilen ynam üçin Milli Liderimize hoşallyk bildirip, bu wezipäni abraý bilen ýerine ýetirmek ugrunda ähli tagallasyny, ukyp-başarnygyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ugurda öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde bilelikdäki tagallalaryň zerurdygyna ünsi çekdi we bu babatda wise-prezidente birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň iş dolandyryjysy wezipesine Hajymyrat Hajymyradowyň teklip edilýändigini belläp, oňa söz berdi.
H.Hajymyradow bildirilen uly ynam üçin hoşallyk bildirip, asylly ýörelgeleri esasy ugur edinýän gaznanyň işini sazlaşykly guramak ugrunda degişli düzümleriň wekilleri bilen bilelikde zerur çäreleri amala aşyrmak ugrunda tagalla etjekdigine ynandyrdy. Gahryman Arkadagymyz gaznanyň hojalyk işleriniň yzygiderli kämilleşdirilmelidigini, onuň kanunçylyk-hukuk binýadynyň berkidilmelidigini belläp, bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň media habarlar wekili wezipesine Azat Jepbarowyň teklip edilýändigini aýtdy.
A.Jepbarow özüne bildirilen ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ukyp-başarnygyny, tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy. Hormatly Arkadagymyz gaznanyň alyp barýan we ynsanperwer ýörelgelere esaslanýan işini giňden wagyz etmek, “Arkadag” teleýaýlymynda, “Arkadag” gazetinde, beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan edip, halkara giňişlige çykarmak babatda degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.
Mejlisiň dowamynda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň agzasy, hasapçysy Ý.Çernowa söz berildi.
Ol geçen döwürde gazna tarapyndan ýerine ýetirilen işler, ýurdumyzyň näsag çagalaryna goldaw bermek boýunça geçirilen operasiýalar we dünýäniň dürli ýurtlarynyň heläkçilik zerarly ejir çeken çagalaryna ynsanperwerlik kömegini ugratmak üçin gönükdirilen maýa serişdeleriniň möçberleri barada hasabat berdi. Şeýle hem ol häzirki döwürde gaznanyň hasabyna gelip gowuşýan maliýe serişdeleriniň möçberi baradaky hasabatyň çäklerinde 2025-nji ýylda haýyr-sahawat maksatly ynsanperwerlik kömekleri üçin meýilleşdirilen serişdeler hakynda hasabat berdi. Munuň özi bu düzümiň hemaýatyna mätäç maşgalalaryň ýüztutmalary esasynda göz öňünde tutulan serişdeler hökmünde kesgitlenildi. Ý.Çernowa şanly seneler mynasybetli sowgatlyk önümleri satyn almaga, näsag çagalara degişli lukmançylyk hyzmatlaryny ýola goýmaga we ynsanperwerlik kömeklerini maliýeleşdirmäge niýetlenen serişdeleriň kesgitlenen möçberi baradaky resminamany Gahryman Arkadagymyzyň garamagyna hödürledi.
Milli Liderimiz haýyr-sahawat gaznasyna hemaýat berilmegini haýyş edip, ýüz tutan adamlara goldaw bermek maksady bilen, taýýarlanan degişli resminama gol çekdi.
Mejlisiň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory, gaznanyň müdiriýetiniň agzasy M.Öküzowa söz berildi.
Ol çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri boýunça hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, merkezde mümkinçiligi çäkli çagalaryň 985-sine dikeldiş bejergisi geçirildi. Merkeziň çagalar bagyny şu ýyl jemi 27 çaga üstünlikli tamamlap, olar Arkadag şäheriniň mekdeplerine gadam basdylar. Häzirki wagtda bu ýerde 100-e golaý çaga terbiýelenýär. Mundan başga-da, lukman Arkadagymyzyň tassyklan meýilnamasy esasynda, welaýatlardan we Aşgabat şäherinden gelen çagalar häzirki wagtda dikeldiş bejergisiniň ikinji tapgyryny aldylar. Hasabat döwründe dikeldiş lukmançylygynda dünýä tejribesini özleşdirmek maksady bilen, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de Awstriýanyň “SANLAS Holding GmbH” kompaniýasy bilen baglaşylan üçtaraplaýyn Ähtnamanyň çäklerinde degişli işleriň alnyp barylýandygy bellenildi. Merkeziň lukmanlarynyň we pedagoglarynyň bir topary “Çaganyň irki ösüşi we irki goşulyşma”, “Autizmiň dürli görnüşleri bolan çagalary idetmek boýunça tejribe alyşmak” ýaly halkara derejeli okuw maslahatlaryna gatnaşdylar.
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda saglygy sebäpli mümkinçiligi çäkli çagalar bilen alnyp barylýan işleri kämilleşdirmegiň, olar bilen işleýän pedagogik işgärleriň hünärini ýokarlandyrmagyň möhümdigi barada aýdanlaryndan ugur alnyp, “kliniki logopediýa”; “kliniki psihologiýa”; “kliniki surdopedagogika” ýaly inçe ugurly hünärmenleri kämilleşdirmäge gönükdirilen teklipleriň taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlygynda geçirilen “Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri” atly surat çekmek bäsleşiginde baýrakly orunlara we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gulbaba adyndaky çagalar baýragyna mynasyp bolanlaryň hatarynda merkezde bejergi alýan çagalaryň bardygyny bellemek gerek.
Şeýle hem M.Öküzowa merkezde bejergi alýan we onuň çagalar bagyna gatnaýan çagalara ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyklar, milli seneler mynasybetli süýjülik sowgatlarynyň yzygiderli iberilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize bejergi alýan çagalaryň, olaryň ene-atalarynyň adyndan sagbolsun aýtdy. Merkezde sagaldyş-dikeldiş bejergisini alan çagalarda gazanylan netijeler we alnyp barylýan umumy işler barada teleýaýlymlarda, radioda goýberilýän ýörite gepleşiklerde, metbugat sahypalarynda çagalaryň ene-atalarynyň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklary halkymyza ýetirilýär.
Merkeziň direktory şu ýylyň dowamynda toplanan tejribä esaslanyp, 2025-nji ýyl üçin ýurdumyzyň welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden mümkinçiligi çäkli, dikeldiş bejergisine mätäç çagalar baradaky meýilnamanyň taýýarlanandygy hakynda habar berdi we ony lukman Arkadagymyzyň garamagyna hödürledi.
Gahryman Arkadagymyz hasabaty diňläp, müdiriýetiň agzalarynyň teklibi esasynda gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidentini goldaýandygyny aýtdy we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory M.Öküzowa ýüzlenip, gaznanyň iş meýilnamasyna O.Atabaýewa bilen bilelikde ýene-de bir gezek seretmegi tabşyrdy hem-de geljek ýylda geçiriljek çärelere laýyk gelse, degişli teklibi goldajakdygyny aýtdy.
Biziň halkymyzyň çagany hemmetaraplaýyn mähir-alada we söýgi bilen gurşap almak ýaly gadymdan gelýän ynsanperwer däpleri bar. Türkmenleriň islendik ýagdaýda hem çagalara mähir-muhabbeti ýokary bolupdyr diýip, lukman Arkadagymyz ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly ata-babalarymyzdan gelýän milli däplerimize eýermek bilen, ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalaryň, ýetginjekleriň Garaşsyz, Bitarap Watanymyzda aýratyn üns-alada bilen gurşalyp alynýandygyna ünsi çekdi.
Ýurdumyzda çagalaryň hiç biri hossarsyz däldir. Olaryň arkasynda dag ýaly döwletimiz durandyr. Çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, jemgyýetimiziň durmuşyna doly derejede gatnaşmagy üçin oňaýly şertleriň döredilmegi ugrunda döwlet derejesinde yzygiderli tagalla edilýär. Biz hemaýata mätäç çagalaryň ykbalyna, bagtyýar geljeginiň üpjün edilmegine örän jogapkärli hem-de toplumlaýyn çemeleşýäris. Döwletimiz bu çagalary üns merkezinde saklap, olaryň özlerini uly we agzybir maşgalanyň — türkmen jemgyýetiniň doly derejeli agzasy hökmünde duýmaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredýär diýip, Milli Liderimiz belledi.
Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna ýurdumyzda köp sanly çagalaryň saglygynyň dikeldilendigini, bu sahawatly işleriň geljekde-de dowam etdiriljekdigini aýdyp, lukman Arkadagymyz amala aşyrylýan işleriň çagalarymyzyň we agtyk-çowluklarymyzyň bagtyýar geljegine gönükdirilýändigini, ösüp gelýän nesillerimiz baradaky aladanyň beýik we ýagty geljegimiz baradaky aladadygyny aýratyn nygtady. Bu işler türkmenistanlylaryň häzirki we geljek nesilleriniň abadan durmuşynyň binýadyny berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir. Gaznanyň alyp barýan işine halkara derejede hem ýokary baha berilmegi ýurdumyzda howandarlygyň we çagalara mähribanlygyň nusgalyk tejribesiniň toplanandygyny, Garaşsyz döwletimiziň ynsanperwer syýasatynyň üstünliklere beslenýändigini aýdyňlygy bilen görkezýär diýip, Milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Häzirki wagtda ýurdumyzda täze — 2025-nji ýyly garşylamaga giňden taýýarlyk görülýändigini belläp, Gahryman Arkadagymyz Täze ýyl baýramy mynasybetli çagalara hormatly Prezidentimiziň, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan sowgatlary gowşurmak barada degişli işleriň geçirilmelidigine ünsi çekdi.
Şeýle-de mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow häzirki döwürde şäheriň çäklerinde medisina klasteriniň binalarynyň gurluşygynyň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Ol bu ýerde derman serişdeleriniň birnäçe görnüşleriniň öndürilip, saglygy goraýyş edaralaryna iberilýändigini habar berdi. Milli Liderimiz öndürilýän dermanlyk serişdeleriň bellenen kada laýyk gelmegi we olaryň ýokary hilli, ekologik taýdan arassa bolmagy bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydygyny belledi we bu babatda anyk görkezmeleri berdi.
Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa häzirki döwürde täze şäherde Halkara Bitaraplyk gününe, Täze ýyl baýramyna görülýän taýýarlyk işleri, baýramçylyk mynasybetli toý sowgatlaryny taýýarlamak babatda ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi. Gahryman Arkadagymyz şäherde guralýan baýramçylyk dabaralarynyň şanly seneleriň ähmiýetine laýyk gelmelidigini, medeni-köpçülikleýin çärelerde halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, Arkadag şäheriniň okgunly ösüşiniň öz beýanyny tapmalydygyny we olara gaznanyň müdiriýetiniň ähli agzalarynyň işjeň gatnaşmalydygyny belläp, bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisini jemläp, ösüp gelýän nesilleri, howandarlyga mätäç çagalary durmuş taýdan goldamak, olaryň saglygyny dikeltmäge ýardam bermek, bagtyýar ýaşamaklary üçin amatly şertleri döretmek we olarda ýokary watançylygy, ynsanperwer häsiýetleri kemala getirmek ugrunda alnyp barylýan döwletli işlerde hemmelere üstünlikleri arzuw etdi.