Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda özbek dramaturgy Jahangir Seýidowyň «Çynymy aýtsam...» atly komediýasy sahnalaşdyryldy.
Komediýanyň baş gahrymany Myrat aganyň bir gün düýşüne merhum ejesi çaý içip oturan halda girýär. Ol çaýy içen adam bolsa diňe hakykaty aýdyp başlaýar. Ýeri gelende aýtsak, Myrat aganyň gyzy durmuşa çykmak üçin olaryň öýlerine sawçylar yzly-yzyna gelýär. Hakykaty aýtdyrýan çaý bolsa sawçylaryň aňynda we kalbynda näme niýetleriniň bardygyny anyklamaga kömek edýär.
Erteki-komediýanyň režissýory Arslan Berdiýew we aktýorlar diňe bir häzirki zaman mazmunyny gyzykly görnüşde hödürlemek bilen çäklenmän, eýsem, özbek halkynyň edim-gylymlaryny hem ygtybarly görkezýärler.
Geýim taýýarlaýjy Güljemal Saparowa we horeograf Taisiýa Aliýewa bu meselede uly kömek berdiler. Milli zenan eşikleri we owadan özbek tanslary spektaklyň bezegine öwrüldi.
Spektaklyň baş gahrymany Myrat aganyň keşbini aktýor Aşyr Mämmedow, onuň aýaly Bossanyň keşbini Gurbangözel Akmyradowa, gyzlary Näzigiň keşbini bolsa Jahan Baýramdurdyýewa ýerine ýetirdi. Aktýor Orazberdi Çolukowyň ýerine ýetiren Näzige öýlenmek isleýänleriň biri Durdynyň keşbi has-da täsirli boldy.
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda sahnalaşdyrylan «Çynymy aýtsam...» atly aýdym-sazly komediýa tomaşaçylara uly lezzet paýlar.