Ï Gyzylarbat etrabynyň Pensiýa gaznasynyň bölüminiň täze edara jaýynyň açylyş dabarasy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gyzylarbat etrabynyň Pensiýa gaznasynyň bölüminiň täze edara jaýynyň açylyş dabarasy geçirildi

view-icon 1082
Gyzylarbat etrabynyň Pensiýa gaznasynyň bölüminiň täze edara jaýynyň açylyş dabarasy geçirildi
camera-icon
Andreý Pakulow

Şu günler ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýaýbaňlandyrylýan dabaralar şatlyk-şowhun bilen dowam edýär.

Şeýle hem şanly senäniň hormatyna täze binalaryň açylyp ulanylmaga berilmegi ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Şeýle dabara Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň merkezinde gurlan döwrebap binanyň açylyşy mynasybetli guraldy. Oňa Halk Maslahatynyň agzalary, ýurdumyzyň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, gurluşykçylar, ugurdaş düzümleriň hünärmenleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň düzümindäki Pensiýa gaznasynyň müdiriýetiniň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň Pensiýa gaznasynyň bölüminiň täze edara jaýynyň açylmagy mynasybetli guralan dabara «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şatlyk-şowhuny bilen utgaşdy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Gözel zaman» hususy kärhanasynyň tejribeli hünärmenleridir gurluşykçylarynyň bina eden täze desgasynyň açylyş dabarasynda çykyş edenler häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan durmuş ugurly syýasatynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda uly rowaçlyklara beslenýändigini nygtadylar.

Dabaranyň dowamynda binanyň gurluşygynda has-da göreldeli zähmet çeken ussat gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgatlaryň gowşurylmagy bu ýerde guralan medeni-köpçülikleýin çäresiniň derejesini we ähmiýetini belende göterdi.

Şeýle hem bu ýerde welaýatyň sungat ussatlarynyň belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Göwün göteriji, täsirli çärelerden soň, oňa gatnaşyjylar täze, döwrebap edara binasynyň içine aýlanyp gördüler, onuň iş mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyş boldular. Ýeri gelende aýtsak, ulanylmaga berlen bu edara binasynda oturdylan häzirki zaman aragatnaşyk serişdeleri, bu ýerde ornaşdyrylan sanly ulgamyň mümkinçilikleri, ösen enjamlar, kämil kompýuterler, ýokary hilli mebeller, ählitaraplaýyn amatlyklar olarda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy.

Dabaranyň ahyrynda bolsa açylyş dabarasy mynasybetli toý sadakasy berildi.