Ï Türkmenistanyň wekiliýeti «#BIZBIRLIKDE» atly halkara foruma gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň wekiliýeti «#BIZBIRLIKDE» atly halkara foruma gatnaşdy

view-icon 198
Türkmenistanyň wekiliýeti «#BIZBIRLIKDE» atly halkara foruma gatnaşdy

Dekabr aýynyň 5 – 7-sinde Moskwada raýat gatnaşykly «#BIZBIRLIKDE» atly halkara forum bolup geçdi. Forumyň 2024-nji ýylda öňe sürýän esasy pikiri – «Döwrüň kynçylyklarynyň öňünde «#BIZBIRLIKDE durýarys» diýmekdir.

Giň gerimli bu çäre dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan girdejä kowalaşmaýan, sosial ugurly guramalaryň we meýletinçilik hereketleriniň, döwlet häkimiýeti edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, kompaniýalaryň we halkara sosial pudagyň 20 müňden gowrak wekilini bir ýere jemledi.

Foruma Türkmenistanyň adyndan Bilim ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň işgärleri we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, şeýle hem Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary gatnaşdylar.

Raýat gatnaşykly «#BIZBIRLIKDE» halkara forum Russiýada we tutuş dünýäde meýletinçilik, haýyr-yhsan, täjirçilik däl pudakda esasy waka, şeýle hem özara kömek we biperwaýsyzlyk medeniýetiniň meýdançasy hasaplanýar. Onuň maksady – ýurduň ösmegi we adamlara netijeli kömek üçin döwlet, telekeçiler we raýat jemgyýetiniň arasynda gepleşik hem hyzmatdaşlyk guramak. Forumyň işi aşakdaky ugurlarda geçirildi: «Parahatçylyk», «Jemgyýet», «Maşgala», «Işewürlik» we «Döwlet». Forumyň esasy çäresi ýylyň iň gowy sosial taslamalaryna «#BIZBIRLIKDE» baýragynyň berilmegidir.

Forumyň maksatnamasy Moskwada haýyr-sahawat çärelerini, gönümel çekişmeleri we bilermen sessiýalaryny, geçen ýyl «#BIZBIRLIKDE» halkara baýragyna mynasyp bolanlaryň bilim sammitini we beýleki çäreleri öz içine alýar.

Türkmen ýaşlary, özara kömek we jemgyýetiň agzalaryna goldaw bermek boýunça gadymy milli däpleri ösdürip, ýurtdaky meýletinçilik hereketlere we halkara meýletinçilik çärelerine işjeň gatnaşýarlar. Müňlerçe ýaşlar meýletinlik merkezlerinde işleýärler we Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň maksatnamasynyň hem taslama çäreleriniň çäginde başlangyçlaryny durmuşa geçirýärler. Şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň wekiliýeti Gyrgyzystanda geçirilen Türki Döwletleriň Guramasyna girýän ýurtlardan gelen meýletinçileriň halkara mekdebine gatnaşdy.