2024-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçy Ý.Gurbannazarowa öz edarasynda BMG-niň Türkmenistandaky Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) başlygy Jalpa Ratna bilen duşuşdy. Duşuşyk Adalatçynyň işleri bilen tanyşmak we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin geçirildi.
Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçy Ý.Gurbannazarowa Türkmenistanda ÝUNISEF-iň Adalatçynyň diwanynyň esasy halkara hyzmatdaşlaryndan biridigini bellemek bilen, BMG-niň bu gurluşy bilen hyzmatdaşlygyň çäginde çaga hukuklaryny goramak bilen baglanyşykly dürli çäreleriň geçirilýändigini gürrüň berdi. Duşuşykda hanym Jalpa Ratna Türkmenistan hökümetiniň çaga hukuklaryny goramak babatyndaky syýasatynyň oňyn tebigatyna we netijeliligine ünsi çekdi we adam hukuklaryny goramak hem ösdürmek üçin garaşsyz edara hökmünde Adalatçynyň diwanynyň bu ugurdaky işine ýokary baha bermek bilen, onuň ähmiýetini belläp geçdi. Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge we giňeltmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.
Şol gün Adalatçy Ý.Gurbannazarowa Ýewropanyň dikeldiş we ösüş bankynyň wise-prezidenti, uly syýasy geňeşçi Deýwid Lýuis bilen duşuşdy. Duşuşygyň maksady Türkmenistanda adam hukuklarynyň berjaý edilmegi, bu ugurda garaşsyz edara bolan Adalatçynyň diwanynyň işi, Adalatçynyň ygtyýarlyklary we wezipeleri bilen tanyşmak boldy.
Söhbetdeşlikde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky adam hukuklary boýunça gatnaşyklaryň yzygiderli ösýändigi bellendi. Adalatçy Ý.Gurbannazarowa myhmana Adalatçynyň diwanynyň döredilen gününden bäri, adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek ugrunda alyp barýan işleri, gysga wagtyň içinde gazanylan üstünlikler, toplanan tejribe, halkara hyzmatdaşlygy barada maglumat berdi we bu işleriň mundan beýläk hem dowam etdiriljekdigini aýtdy. Adalatçynyň diwanynyň Türkmenistanda adam hukuklaryny goramak işiniň ugruny giňeltmekde we işleýşini gowulandyrmakda möhüm ädim aýal-gyzlaryň we çagalaryň hukuklaryny hem şahsy pudaklarda adam hukuklaryny goramak boýunça iki täze bölümiň açylmagy boldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2024-nji ýylyň 30-njy noýabrynda geçen mejlisinde Türkmenistanyň «Adalatçy hakynda» Kanunyna ýurtda adam hukuklary goramak işiniň kanuny esaslaryny gowulandyrmaga gönükdirilen üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.
Duşuşykda bu çäreleriň Adalatçynyň diwanynyň edarawy mümkinçiliklerini güýçlendirmekdäki we ýurtda adam hukuklaryny mundan beýläk-de ösdürmekdäki ornuna baha berildi. Taraplar duşuşyk üçin birek-birege hoşallyk bildirdiler we adam hukuklaryny goramak babatynda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de güýçlendirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.