Hormatly nebitçiler, gazçylar we geologlar!
Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda giňden bellenilýän Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Siziň yhlasly we tutanýerli zähmetiňiziň netijesinde ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagynda uly üstünlikler gazanylýar. Pudakda alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň esasynda ýurdumyz uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryndaky ornuny berkidýär. Bu ugurda halkara derejedäki iri taslamalara badalga bermek bilen, uglewodorod serişdeleriniň, ilkinji nobatda, halkymyzyň eşretli durmuşyna, geljek nesillerimiziň hem-de goňşy döwletleriň halklarynyň abadançylygyna hyzmat etmegini gazanmak babatda möhüm wezipeleri öňde goýýar.
Berkarar Watanymyzy sazlaşykly ösdürmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, ýurdumyzda iri senagat toplumlaryny, gaz geçiriji ulgamlary döretmek, geljegi uly nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek babatda öňde goýlan sepgitlere ýetmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Güneşli Diýarymyzyň dürli ýerlerinde täze nebitgazly ýataklaryň açylmagyny, Türkmenistan — Hytaý, Gündogar — Günbatar gaz geçirijilerini, gurluşygy alnyp barylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň we onuň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň taslamasyny pudakda gazanylan üstünlikleriň hatarynda görkezmek bolar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň döwletimize baştutanlyk eden döwründe, 2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisi açylyp ulanmaga berildi we türkmen mawy ýangyjy dünýäniň ykdysady taýdan okgunly ösýän sebitine akdyrylyp başlandy. Taryha altyn harplar bilen ýazylan şol senäniň ýurdumyzda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni hökmünde bellenilmegi özboluşly many-mazmuna eýedir.
Hormatly nebitçiler, gazçylar we geologlar!
Energiýa serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz käniniň ýurdumyz üçin örän uly ykdysady ähmiýeti bar. Bu käniň tapgyrlaýyn özleşdirilmegi türkmen tebigy gazyny halkara bazarlara ibermegiň gerimini giňeltmekde täze mümkinçilikleri açýar. Häzirki döwürde türkmen energiýa serişdelerine isleg bildirýän ýurtlaryň sany barha artýar. Dünýä belli kompaniýalar we maliýe düzümleri bu ugurda ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýärler. Türkmenistanyň tebigy gazyň eksportyny köpugurly esasda ösdürmek strategiýasy uglewodorod serişdelerini çykarmak mümkinçilikleriniň artdyrylmagyndan ugur alýar. Diýarymyzda tebigy gazy gaýtadan işläp, dünýä bazarynda isleg bildirilýän önümleri öndürmäge hem aýratyn üns berilýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzda döwrebap gazhimiýa toplumlarynyň birnäçesiniň gurlup ulanmaga berilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, pudakda önümçiligiň derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Ýakynda «Galkynyş» gaz känindäki ulanyş guýularyndan tebigy gazyň senagat ähmiýetli täze akymynyň alynmagy we ýurdumyzyň çägindäki beýleki nebitgazly ýataklaryň üstünlikli özleşdirilmegi bolsa bu ugurdaky işleriň ýokary depginde alnyp barylýandygyny görkezýär. Nebitgaz ýataklary özleşdirilende, uglewodorod serişdeleri çykarylanda, gaýtadan işlenende hem-de sarp edijilere iberilende daşky gurşawy aýawly saklamagyň talaplaryny berjaý etmek, bu işleri ýokary ekologik kadalara laýyklykda amala aşyrmak, şeýle-de onuň howanyň üýtgemegine täsirini peseltmek öňde durýan möhüm wezipelerdir. Nebitgaz pudagynyň işgärleriniň öňdebaryjy dünýä tejribesini özleşdirip, Türkmenistanyň bu ugurdaky borçnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge saldamly goşant goşjakdyklaryna berk ynanýaryn.
Gadyrly nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleri!
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan öz tebigy baýlyklaryny diňe bir milli bähbitlere däl, eýsem, sebit we dünýä halklarynyň abadan durmuşyny üpjün etmäge hem gönükdirmäge çalyşýar. Pudagyň eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, köpugurly turbageçirijiler ulgamyny döretmek döwletimiziň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Biziň bu ugurda alyp barýan işlerimiz energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge, sebitiň ýurtlarynyň abadançylygyna, ykdysady taýdan durnukly gurşawy emele getirmäge gönükdirilendir. Biz geljekde hem şeýle işleri dowam etdireris.
Hormatly nebitçiler, gazçylar we geologlar!
Sizi hünär baýramyňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.