2024-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktory Natalýa German bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň barşynda taraplar şu ýylyň 9-13-nji dekabry aralygynda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň wekiliýetiniň Türkmenistana amala aşyran baha beriş saparynyň deslapky netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Bu saparyň maksadynyň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň terrorçylyga garşy göreş boýunça kararnamalarynyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişine, şeýle hem 2017-nji ýylyň noýabrynda amala aşyrylan baha beriş saparynyň dowamynda berlen maslahatlaryň ýerine ýetirilişine baha bermekden ybarat bolandygyny bellemek möhümdir.
Taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň bu ugurdaky hyzmatdaşlygynyň konstruktiw häsiýetini bellediler.