Şu gün ýurdumyzyň Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni dabaraly bellenildi. Ulgamyň işgärleriniň hünär baýramçylygy mynasybetli Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň merkezi binasynyň mejlisler zalynda baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyga eýe bolan senesiniň we Halkara Bitaraplyk gününiň yzysüre bellenilýän baýramçylyk dabarasy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerine iberen Gutlagynyň okalmagyndan başlandy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Gutlagynda nebitçilere, gazçylara we geologlara ýüzlenip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda giňden bellenilýän Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlamak bilen, olaryň yhlasly we tutanýerli zähmeti netijesinde, ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagynda uly üstünlikleriň gazanylýandygyny, pudakda alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň esasynda, ýurdumyz ýangyjyň gorlary boýunça dünýäniň öňdebaryjy döwletleriň hataryndaky ornuny berkidýändigini nygtady.
Bellenilişi ýaly, bu ugurda halkara derejesindäki iri taslamalara badalga bermek bilen, uglewodorod serişdeleriniň, ilkinji nobatda, halkymyzyň eşretli durmuşyna, geljek nesillerimiziň hem-de goňşy döwletleriň halklarynyň abadançylygyna hyzmat etmegini gazanmak babatda möhüm wezipeleri öňde goýýar.
Berkarar Watanymyzy sazlaşykly ösdürmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, ýurdumyzda iri senagat toplumlaryny hem-de gaz geçiriji ulgamlary döretmek, geljegi uly bolan nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek babatda öňde goýlan sepgitlere ýetmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Güneşli Diýarymyzyň dürli ýerlerinde täze nebitgazly ýataklaryň açylmagyny, «Türkmenistan-Hytaý», «Gündogar-Günbatar» gaz geçirijilerini we gurluşygy alnyp barylýan «Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan» halkara gaz geçirijisiniň we onuň möhüm bölegi bolan Arkadagyň Ak ýoly bilen Serhetabat-Hyrat gaz geçirijisiniň taslamasyny pudakda gazanylan üstünlikleriň hatarynda görkezmek bolar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň döwletimize baştutanlyk eden döwründe, 2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda «Türkmenistan-Hytaý» halkara gaz geçirijisi açylyp, ulanmaga berildi we türkmen «mawy ýangyjy» dünýäniň ykdysady taýdan okgunly ösýän sebitine akdyrylyp başlandy. Taryha altyn harplar bilen ýazylan şol senäniň ýurdumyzda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni hökmünde bellenilmegi özboluşly many-mazmuna eýedir diýlip, döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda aýdylýar.
Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň Gutlagyny uly höwes we ruhubelentlik bilen diňlediler hem-de joşgunly el çarpyşmalar bilen kabul etdiler.
Soňra çykyş edenler energiýa serişdeleriniň ätiýaçlyk gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz käniniň örän uly syýasy we ykdysady ähmiýetiniň bardygyny bellediler. Bu käniň tapgyrlaýyn özleşdirilmegi türkmen tebigy gazyny halkara bazarlaryna ibermegiň mümkinçiliklerini giňeldýär.
Häzirki döwürde türkmen energiýa serişdelerine bildirilýän islegiň barha artýandygy nygtaldy. Şoňa görä-de dünýä belli kompaniýalar we maliýe institutlary bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýarlar. Türkmenistanyň mawy ýangyjyň eksportyny köpugurly esasda ösdürmek strategiýasy bolsa uglewodorod serişdelerini çykarmak mümkinçilikleriniň artdyrylmagyndan ugur alýar. Tebigy gazy gaýtadan işläp, dünýä bazarynda isleg bildirilýän önümleri öndürmäge döwlet derejesinde uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwrebap gazhimiýa toplumlary gurulýar we ulanylmaga berilýär.
Çykyşlarda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, pudakda önümçiligiň derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreleri amala aşyrmagyň göz öňünde tutulýandygy bellenildi. Ýakynda «Galkynyş» gaz känindäki ulanyş guýularyndan tebigy gazyň senagat ähmiýetli täze akymynyň alynmagy we ýurdumyzyň çägindäki beýleki nebitgazly ýataklaryň üstünlikli özleşdirilmegi bu ugurdaky işleriň ýokary depginlerde alnyp barylýandygyny görkezýär.
Şunuň bilen birlikde, çykyş edenler nebitgaz ýataklary özleşdirilende, uglewodorod serişdeleri çykarylanda, gaýtadan işlenende hem-de sarp edijilere iberilende daşky gurşawy aýawly saklamagyň talaplaryny berjaý etmegiň, bu işleri ýokary ekologiýa talaplaryna laýyklykda amala aşyrmagyň, şeýle-de howanyň üýtgemegine täsiri peseltmegiň öňde durýan möhüm wezipeler bolup durýandygyny nygtadylar. Şoňa görä-de, çykyşlarda nebitgaz pudagynyň işgärleriniň öňdebaryjy dünýä tejribesini özleşdirip, Türkmenistanyň bu ugurdaky borçnamalaryny üstünlikli amala aşyrmaga saldamly goşant goşjakdyklaryna ynam bildirildi.
Dabaranyň dowamynda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli zähmetde aýratyn tapawutlanan nebitçilere, gazçylara, geologlara we ýangyç-energetika toplumynyň beýleki işgärlerine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Soňra «Nebitgaz baýlygym, hazyna-genjim, Waspyň etsin diller, saňa buýsanjym» hem-de «Ruhy dünýämiziň sönmez çyragy, Ýürekleň buýsanjy dana Pyragy» at bilen geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglamak dabarasy boldy. Bäsleşik Türkmenistanyň nebitgaz senagaty pudagynyň işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi bilen «Türkmengaz» döwlet konserniniň we «Nebit-gaz» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde yglan etmeklerinde hekaýalaryň, oçerkleriň, makalalaryň we fotoreportažlaryň iň gowy eserlerini döretmek boýunça alnyp baryldy.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmek boýunça edilýän aladalar, türkmen nebitçilerine, gazçylaryna we geologlaryna bildirilýän uly ynam, olaryň netijeli işlemekleri hem-de öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekleri ugrunda döredilýän ähli şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk beýan edildi.
Soňra Nebitgaz toplumynyň Medeni-işewürlik merkezinde Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli konsert boldy. Hünär baýramy mynasybetli konsertde ýurdumyzyň sungat ussatlary çykyş etdiler.
Olaryň ýerine ýetirmeginde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni, ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan beýik işleri wasp edýän joşgunly çykyşlara giň orun berildi.
Aýdym-sazlaryň owazy hünär baýramy mynasybetli guralan dabaralara utgaşyp, oňa baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Joşgunly çykyşlarda Garaşsyz Watanymyz hem-de häzirki döwrümiziň ägirt uly özgertmeleriniň başyny başlan milli Liderimiziň beýik işleri, şol işleri mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň gazanýan uly üstünlikleri, mähriban topragymyzyň gözelligi, müdimi adamzat gymmatlyklary wasp edildi. Şunda depginli ösüş we rowaçlyk ýoly bilen ynamly barýan Türkmenistanyň tarypy sazlaşykly utgaşdy.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça gazanýan ösüşlerini wasp edýän aýdymçylaryň, sazandalaryň we tansçylaryň çykyşlaryny konserte gatnaşyjylar uly ruhubelentlik bilen tomaşa etdiler we şowhunly el çarpyşmalary bilen artistleri alkyşladylar.
Ýurdumyzyň durmuşynda bellenilýän hünär baýramçylyklaryň aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdyrylmagy ata Watanymyzda giň gerimli medeni çäreleriň ähmiýetini has-da belende göterýär. Şol bir wagtda-da konsertiň dowamyndaky çykyşlar halkymyzyň jebisliginiň hem-de döredijilikli zähmetiniň we ylhamynyň baýramyna öwrülip, ýakynlaşyp gelýän Täze ýyla ynamly, ruhubelent we şadyýan gadam basmaga egsilmejek joşgun berdi.
Özleriniň hünär baýramlaryny mynasyp zähmet üstünlikleri bilen garşylan Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli guralan konsert olaryň başdan geçirýän buýsanç we bagtyýarlyk duýgularyny aýdyňlyk bilen görkezdi. Aýdym-sazly şowhunly çykyşlar pudagyň işgärleriniň gününe özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.
Medeniýetli dynç alyp, hünär baýramynyň bellenilmegini üpjün etmekde medeniýet we sungat ussatlarymyzyň gatnaşmagynda geçirilýän şeýle çäreler pudagyň işgärleriniň we ähli ildeşlerimiziň ruhubelentligini hem-de watansöýüjilik duýgularyny artdyryp, olaryň geljege bolan ynamyny has-da berkidýär. Bu bolsa ýene-de birnäçe günden gadam goýjak täze ýylymyzyň ýakynlaşmagy arkaly aýratyn täsirli ýagdaýda ýüze çykýar. Munuň şeýledigine şu baýramçylyk konsertinden hem göz ýetirmek boldy.
Guralan baýramçylyk konserti ýurdumyzda medeniýet we sungat ulgamynyň ösdürilmegine, şol sanda artistleriň, sazandalaryň, ýerine ýetirijileriň öz zehin-ukyplaryny doly derejede açyp görkezip bilmekleri üçin döwlet derejede uly üns berilýändigine aýdyň şaýatlyk etdi.
Ynsanlaryň ruhunyň galkynmagynda örän täsirli bolan aýdym-sazyň ýakymly belent owazynyň hemişe adamlaryň hemrasy bolmagyny gazanmak ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň ýola goýan we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli dowam edip, alyp barýan işleriniň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, geçirilýän şeýle medeni çäreleriň hemmetaraplaýyn guramaçylyk derejesine uly ähmiýet berilýär. Munuň şeýledigine şu konsertiň dowamynda-da göz ýetirmek boldy. Sahna bezeginden başlap, artistleriň ýerine ýetirýän eserleriniň mazmuny bilen kybap gelýän olaryň lybaslaryna çenli ähli zat, şol sanda sungat ussatlarynyň hereketleri-de utgaşyp, tomaşaçyda uly täsirleri döredýär.
Şeýle bolansoň, hünär baýramçylygynyň hormatyna guralan konsert mazmunyna mynasyp derejede geçip, tomaşaçylaryň dowamly el çarpyşmalaryny gazandy. Bu bolsa artistlere täze hyjuw, joşgun we ylham bagyş edýär.
Şeýlelikde, Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli guralan dabaralar Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda pudagyň galkynyşly gadamlar bilen barha öňe gidip, milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşiniň üpjün edilmeginde ulgamyň işgärleriniň mynasyp paýynyň bardygyny äşgär etdi.