Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadag şäheriniň Wenada ýerleşýän Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragyna, «Hil saýlawy — 2024» nyşany bolan «Diamond» derejesine mynasyp bolandygy baradaky hoş habar gelip gowuşdy. Şeýle hem Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümleriniň haryt nyşany Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň Halkara býurosynyň degişli güwänamasy arkaly tassyklanyldy. Sizi ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäheriniň halkara derejedäki nobatdaky ykrarnamasyny alamatlandyrýan bu wakalar mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, ata Watanymyzyň içeri we daşary syýasy ösüşleri ugrunda alyp barýan işleriňiziň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin.
Hormatly Prezidentimiz!
Siziň baştutanlygyňyzda täze taryhy döwürde Arkadag şäheriniň gurulmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Bu günki gün ol ýurdumyzy bütinleý özgerdýän, Ýer ýüzündäki abraýyny has-da belende göterýän beýik işleriň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher derejesini alan bu şäher öňdebaryjy sanly, maglumat-aragatnaşyk we «ýaşyl» tehnologiýalara esaslanýan «akylly» şäheriň aýdyň nusgasydyr. Diýarymyzda durmuşa geçirilýän şähergurluşyk taslamalary halkymyzyň şöhratly geçmişiniň dowamaty, bagtyýar şu gününiň nusgasy, eşretli ertirleriniň güwäsi hökmünde dünýä ýaň salýar. Gadymy Ahal topragynda taryh üçin juda gysga döwürde döredilen Arkadag şäheri halkymyzyň buýsanjy hem-de guwanjydyr.
Belent mertebeli Prezidentimiz!
Ata-babalarymyzyň häzirki nesillere miras galdyran döwletlilik ýörelgeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýär. Muny Siziň tagallalaryňyzyň netijesinde bina bolan döwrebap şäherleriň, obalaryň ýokary hilli gurluşyklarynyň mysalynda-da aýdyň görýäris. Arkadag şäheriniň diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, tutuş sebitde ilkinji «akylly» şäher hökmünde abraýy barha artýar. Şäherde ýurdumyzy syýasy, durmuş-ykdysady, medeni taýdan ösdürmäge uly goşant goşan adamlara uly sarpa goýmagyň nyşany hökmünde ylym, bilim, medeniýet, sungat, saglygy goraýyş edaralaryna halk gahrymanlarynyň, milli sungatymyzda aýratyn yz galdyran görnükli şahsyýetleriň atlarynyň dakylmagy çuňňur oýlanyşykly, pähim-parasatly çözgütleriň biri boldy.
Halkymyzyň arzuw-umytlarynyň myradyna gowuşýan zamanasynda döwletimiz gülläp ösýär, halkymyza mertebeli menziller, ýeneki täze sepgitler, nurana geljek garaşýar. Arkadag şäheriniň gözel binalary, beýik ymaratlary hem ýurdumyzyň ösüşleriniň nyşany bolup dabaralanýar. Bu ýerde ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlarynyň we halkara tejribeleriň işjeň ornaşdyrylmagy esasynda gurlan ylym, bilim, medeniýet merkezleri Arkadag şäheriniň ýokary derejeli halkara forumlaryň, maslahatlaryň we beýleki çäreleriň geçirilýän ýerine öwrülmegini şertlendirýär. Arkadag şäheriniň halkara derejede ykrar edilmegi, abraýly halkara güwänamalara mynasyp bolmagy muny bütin aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Eziz Watanymyzda toýlaryň toýa ulaşýan günlerinde oňa hil boýunça ýokary baha berlip, tapawutlandyryş baýragyna eýe bolmagy hem «akylly» şäherimiziň halkara derejedäki üstünlikleriniň üstüni ýetirdi.
Sarpasy belent Prezidentimiz!
Siziň tagallalaryňyz bilen täze şäheriň geljekde-de has uly rowaçlyklara ýetjekdigine, belent mertebä eýe boljakdygyna pugta ynanýaryn. Şäheriň ikinji tapgyrynyň taslamalary hem bu hakykaty tassyklaýar. Onuň çäginde guruljak binalaryň hatarynda köp sanly durmuş-jemgyýetçilik we inženerçilik-tehniki desgalaryň, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň bolmagy Arkadag şäheriniň geriminiň barha giňäp, bu ýeriň ýaşaýjylarynyň, aýratyn-da, ýaşlaryň yhlasly zähmet çekmegi we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin mynasyp şertleriň dörediljekdigini tassyklaýar.
Şäherde döredilýän lukmançylyk klasteri bolsa ýurdumyzyň lukmançylyk edaralary üçin ekologik taýdan arassa, halkara hil görkezijilerine laýyk gelýän, ýerli çig mallardan öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak hem-de saglygy goraýyş edaralarynyň degişli serişdelere bolan islegini kanagatlandyrmak babatda uly ähmiýete eýedir.
Hormatly Prezidentimiz!
Sizi Arkadag şäheriniň Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragyna, «Hil saýlawy — 2024» nyşany bolan «Diamond» derejesine mynasyp bolmagy, şeýle-de Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümleriniň haryt nyşanynyň Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň Halkara býurosynyň degişli güwänamasy arkaly tassyklanylmagy bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryňyz mundan beýläk-de rowaç bolsun!
Sizi hormatlamak bilen,
Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,
Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow.