2 – 7 dekabr aralygynda paýtagtymyzda ýerleşýän "Ynamly Kepil" koworking merkezinde frilanser bolup uzakdan işlemek başarnyklary boýunça gatnaşyjylar üçin okuw maslahaty geçirildi. Bu çäre USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) tarapyndan gurnaldy.
Treninga grafiki dizaýn, programma üpjünçilik, terjimeçilik, sözleýşiň bozulmalaryny düzetmek, sosial medialarda mahabatlandyrmak we beýleki häzirki zaman ugurlarynda tejribesi bolan ýaş hünärmenleriň 24-si gatnaşdy.
Treningiň maksady – gatnaşyjylara halkara derejede öňdebaryjy frilanserlik meýdançalarynda (Upwork, Freelance, TopTal we ş.m.) üstünlikli işlemäge zerur bolan nazary we amaly bilimleri hem-de başarnyklary bermekden ybarat boldy. Gatnaşyjylar frilanserlik işi boýunça taslamalary tapmak, müşderiler bilen aragatnaşygy guramak, öndürijiligi ýokarlandyryjy gurallaryny (Airtable, Asana) ulanmak, ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň bahasyny kesgitlemek, töleg usullaryny ulanyp bilmek, şahsy brendini döretmek ýaly ugurlarda bilim aldylar. Şeýle-de olar frilanserlik işinde ýüze çykýan meseleleri we olaryň çözgüt ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Okuw meýilnamasy gibrid formatda J.E. Austin Associates kompaniýasynyň halkara bilermeni Havier Moraledanyň gatnaşmagynda geçirildi. 7-nji dekabrda frilanserlik işi boýunça geçirilen trening meýilnamasyny üstünlikli tamamlan gatnaşyjylara sertifikat gowşurylyş dabarasy boldy.