Türkmenistanyň Bilim ministrligi BMG-niň Çagalar gaznasy bilen bilelikde gender deňligine gönükdirilen pedagogika boýunça täze okuw gollanmalary hödürledi.
Ata-eneler, mugallymlar we okuwçylar üçin niýetlenen bu gollanmalar mekdeplerde, çagalar baglarynda hem maşgalalarda gender deňligine duýgur çemeleşmeleri goldamaga gönükdirilendir. Olar bilim, saglygy goraýyş we jemgyýetçilik hyzmatlary pudaklarynda giň gerimli, adalatly bilim gurşawyna ýardam etmek üçin hünärmenleriň derejelerini ýokarlandyrmaga-da gönükdirilendir.
13-nji dekabrda çagalar we maşgalalar bilen işleşýän hünärmenler üçin mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça okuw gollanmalary bilen tanyşlyk çäresi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Aşgabadyň bilim bölümleriniň, milli bilim edaralarynyň hem giň gerimli bilim başlangyçlaryna gatnaşýan synag mekdepleriniň we çagalar baglarynyň hünärmenleri gatnaşdy.
Bu başlangyjyň çäginde esasy üns hünärmenlere işlerinde gender deňligi meselelerini çözmek üçin gurallardyr strategiýalar bilen üpjün etmäge, çagalaryň we olaryň maşgalalarynyň dürli zerurlyklaryny kanagatlandyrýan giň gerimli gurşawy döretmäge gönükdirildi. ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary Aleksandru Nartea gender deňligine duýgur pedagogikanyň bilim ulgamyna goşulmagynyň her bir çaga üçin giň gerimli we goldaýjy gurşawy döretmekde möhüm ädimdigini aýtdy.