Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň «Demokratiýa we Hukuk» žurnaly bilen bilelikde yglan edilen «Döredijilikli zähmet we adam hukuklary» mowzugyndaky ylmy-amaly makalalar bäsleşiginiň netijeleri Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygyna we Adam hukuklarynyň halkara gününe bagyşlanan maslahatynda jemlendi.
Bäsleşige bilim we ylmy edaralaryň, ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň hünärmenlerinden köp sanly makala geldi. Makalalaryň iň gowulary «Demokratiýa we Hukuk» žurnalynda çap edildi. Eminler bäsleşige hödürlenen makalalaryň arasyndan nazary we amaly nukdaýnazardan iň gowularyny saýladylar.
Birinji orny Adalatçynyň diwanynyň baş geňeşçisi Arslan Mämmedowyň telekeçiligi ösdürmek boýunça giňişleýin çäreleri we onuň ýurdumyzyň ykdysady ösüşindäki ornuny görkezýän «Hususy telekeçilikde françaýzing şertnamasynyň orny” atly makala berildi. Makalada kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň mehanizmleri, telekeçileriň hukuklarynyň kepillikleri, françaýzing şertnamasynyň aýratynlyklary, ulanylýan ýerleri, şeýle hem bu kadalaryň Türkmenistanyň Raýat kodeksinde tutýan orny jikme-jik beýan edilýär.
Ikinji orny Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri Ýunus Muhammedowyň «Sanly ykdysadyýet we innowasion ösüş», Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Raýat hukugy kafedrasynyň dosenti, hukuk ylymlarynyň kandidaty Aşyrgeldi Jumaýewiň we Konstitusiýa hukugy kafedrasynyň aspiranty Dilber Şaýlyýewanyň «Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we hukuk ulgamynyň ösüşi» atly makalasy paýlaşdy.
Iki sany üçünji orny «Magtymguly Pyragynyň döredijiligi we halkara hyzmatdaşlygyň ýörelgeleri» atly makala üçin Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Kazan) Baş konsullygynyň ikinji sekretary Aşyraly Nazarowa we «Hazar deňzi parahatlyk we dostluk deňzidir» atly makala üçin Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynyň baş hünärmeni Gülşirin Çarygulyýewa berildi.
Ýeňijilere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezinden we Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutyndan Hormat hatlary hem gymmatly sowgatlar gowşuryldy.