Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary başlandy

view-icon 200
Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary başlandy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Malaýziýa ugrady.

Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, gyzyklanma bildirýän döwletleriň ählisi bilen özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugurda başyny başlan strategiýasy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Türkmenistan bilen Malaýziýany birek-birege hormat goýmak däplerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Häzirki wagtda ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygy halkara guramalaryň çäklerinde, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär.

Şunuň bilen bir birlikde, ýurtlarymyzyň arasyndaky däp bolan gatnaşyklary netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly hökmünde görkezmek bolar. Ikitaraplaýyn gatnaşyklar dürli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda yzygiderli ösdürilýär we pugtalandyrylýar.

Döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýokary derejede amala aşyrylýan özara saparlara möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Malaýziýa 2011-nji we 2016-njy ýyllarda amala resmi hem-de döwlet saparlary, şeýle hem dostlukly ýurduň Hökümet Baştutanlarynyň 2014-nji hem-de 2019-njy ýyllarda Türkmenistana saparlary munuň aýdyň subutnamasydyr.

Saparlaryň dowamynda gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalar hyzmatdaşlygyň ygtybarly şertnama-hukuk binýadyny emele getirýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa amala aşyrýan şu ilkinji sapary we öňde boljak ýokary derejedäki gepleşikler däp bolan gatnaşyklary çuňlaşdyrmakda hem-de onuň gerimini giňeltmekde nobatdaky tapgyr bolar.

Birnäçe sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Malaýziýanyň paýtagtynyň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menziline gondy.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň baý tejribesi we ägirt uly mümkinçilikler häzirki döwürde umumy bähbitlere laýyk gelýän köpugurly özara gatnaşyklary ösdürmek üçin amatly şertleri üpjün edýär.

Döwlet Baştutanymyz howa menzilinden resmi sapary mahalynda özi üçin niýetlenen kabulhanasyna ugrady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi sapary dowam edýär.