Ï Aşgabatda ýurdumyzda maýa goýum şertlerini kämilleşdirmek boýunça «Tegelek stol» duşuşygy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda ýurdumyzda maýa goýum şertlerini kämilleşdirmek boýunça «Tegelek stol» duşuşygy geçirildi

view-icon 568
Aşgabatda ýurdumyzda maýa goýum şertlerini kämilleşdirmek boýunça «Tegelek stol» duşuşygy geçirildi

Şu ýylyň 19-njy dekabrynda paýtagtymyzda daşary ýurt maýa goýumlary hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek hem-de halkara maýa goýum işleriniň öňdebaryjy tejribelerini we strategiýalaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen «Tegelek stol» duşuşygy geçirildi. Bu çäre USAID-iň «Türkmenistanda dolandyryş işleri» (GAT) taslamasy tarapyndan gurnaldy. 

Duşuşygyň dowamynda milli we halkara hünärmenleri Türkmenistanyň talaplaryna laýyk gelýän hem-de oňyn netijeleri berýän maýa goýum strategiýalary hem-de kanunçylyk binýady boýunça çykyş etdiler we pikir alyşdylar. 

Tegelek stola gatnaşyjylar ýurduň maýa goýum işlerine degişli kanunlaryny halkara ülňülerine laýyk getirmekligiň we olary mundan beýläkde kämilleşdirmekligiň esasy ugurlaryny kesgitlediler.