2024-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Türkmenistanyň Ukrainadaky we Moldowa Respublikasyndaky ilçisi Toýly Ataýew we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň Strategik gözlegler ylmy merkeziniň müdiri Şiri Şiriýew internet arkaly «Moldowa Respublikasynyň hemişelik bitaraplygynyň yglan edilmegine 30 ýyl: üstünlikler, meseleler we geljegi» atly ýubileý «tegelek stolunyň» işine gatnaşdy.
Türkmenistanyň ilçisi öz çykyşynda garaşsyz, bitarap Moldowa respublikasy we halky üçin möhüm çärä çagyrandygy üçin, Moldowa Respublikasynyň parlamentiniň baştutanlaryna hoşallygyny bildirdi we ony bu möhüm waka bilen gutlady. Toýly Ataýewiň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan bilen Moldowanyň arasynda dostluk we özara düşünişmek, iri halkara guramalaryň çäginde netijeli özara gatnaşyk, halkara başlangyçlara özara goldaw we dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge ygrarlylyk esasynda ygtybarly hem özara peýdaly gatnaşyklar gurulýar.
Türkmenistanyň ilçisiniň çykyşynyň esasy bölegi 1992-nji ýylda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk boýunça konferensiýanyň mejlisiniň çäginde bitaraplyk yglan edilen pursadyndan, ýurduň daşary syýasatynyň esasy mazmuny hökmünde Türkmenistanyň hemişelik bitarap statusynyň halkara derejesinde ykrar edilmegi ugrunda geçen ýoluna we tejribesine bagyşlandy. Çykyşda BMG we onuň halkara gurluşlary bilen hyzmatdaşlykda bütin dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga, şeýle hem sebitde parahatçylyk we ylalaşyk gazanmaga, ýurtlara ykdysady we ynsanperwer kömekdir goldaw bermäge gönükdirilen halkara başlangyçlar hem amaly ädimler beýan edildi.
Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 29 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçirilen çäreleriň, hususan-da, parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna bitarap Dostlar toparynyň ýokary derejeli mejlisiniň netijeleri barada çykyş etmek bilen, ilçi Toýly Ataýew şu ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň türkmen tarapyndan 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrmak baradaky teklibini biragyzdan kabul edilendigine ünsi çekdi. Geljek ýyl ýurdumyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny bellär.