Täze ýyl baýramynyň öňýanyndaky şu günlerde Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň binasynyň öňünde köpçülikleýin seýil etmek gezelençleri giň gerime eýe bolýar. Ýetip gelýän baýramyň şadyýan howalasy bilen gurşalmak üçin oňa türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary tutuş maşgalasy bilen gelýärler.
Olar şöhle saçyp duran «2025» belgili emeli galanyň diwarlarynyň beýik derwezesinden geçip, çyralary al-elwan öwşün atýan belent başly arçanyň töwereginde gurlan erteki şäherçesine düşýärler. Täze ýyl arçasynyň öňünde geljek ýylyň nyşany bolan ýaşyl ýylan gelenleri synlap ýatyr. Ulular we çagalar ýaşyl ýylanyň, baýram lybasly Aýazbabanyň we adam boýly gurjaklaryň ýanynda ýadygärlik surata düşýärler.
Bu ýerde şadyýan Täze ýyl aýdymlary ýaňlanýar, çagalar üçin dürli güýmenjeler, ýadygärlik sowgatlaryň we süýji nygmatlaryň söwdasy guralypdyr. Ulular bolsa şähdiňi açýan kapuçino, espresso, latte kysymly hoşboý ysly «NesilCoffee» kofe görnüşlerini, şeýle hem kakao we miwe suwunyň esasynda öndürilen içgiler bilen ýylanyp bilýärler.
Kofe we kofe önümlerini çykarmak ýurdumyzda konserwirlenen miwe we gök önümlerini öndürmekde öňdebaryjylardan biri hökmünde tanalýan «Nesil» kompaniýasynyň geljegi uly täze işidir. Kompaniýanyň dürli görnüşli önümleri ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa gaby bilen tapawutlanýar, şonuň üçin-de ýerli hem halkara sarp edijileriň arasynda oňa uly isleg bildirilýär. Onuň iň döwrebap önümçiligi we infrastrukturasy bolan «NesilCoffee» täze zawody diňe Türkmenistanda däl, tutuş Merkezi Aziýada-da iň iri hususy kärhanalaryň biridir.
Zawod ýaňy-ýakynda, 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda işe girizilen-de bolsa, önümleri eýýäm kofeniň meşhurlygy artýan Türkmenistanda halky begendirýär. Kompaniýanyň birnäçe söwda nokady bar, şol sanda «Berkarar» söwda merkezinde-de bu içginiň dürli tagamlary taýýarlanylýar. «NesilCoffee» kompaniýasynyň önümleri doly awtomatlaşdyrylan kofe enjamlarynda, şeýle hem frenç-pressde üwemek ýa-da el bilen demlemek üçin amatlydyr.