Türkmenistanyň Telekeçiler we senagatçylar birleşiginiň agzasy G.Orazdurdyýewe degişli «Sadaja» söwda belgili önümler soňky döwürde ýurdumyzyň bazarlarynda meşhurlyk gazanýar.
Kompaniýa Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäherinde ýerleşýär we hereket edýär. Häzirki wagtda toplumda konditer we süýt önümlerini öndürýän bölümler bar.
Bu toplumyň birnäçe ýyl mundan ozal öz işine başlandygyna garamazdan, häzirki wagtda onuň önümleri sebitiň söwda nokatlaryna köp mukdarda iberilýär. Öndürilýän konditer önümleri ýerli süýji tagamlary halaýanlaryň köpüsiniň göwnüne ýaraýar we bu süýji önümler daşoguzlylaryň Täze ýyl desterhanyny bezär.
Süýt önümleriniň öndürilişi barada aýdylanda bolsa, ol şu ýyl ýola goýuldy. Esasy çig mal bolan süýt ýerli ilatdan we etrapda ýerleşýän täze maldarçylyk fermasyndan şertnama boýunça satyn alynýar. Bary-ýogy alty aýyň içinde ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa süýt önümleriniň köp görnüşiniň öndürilişi ýola goýuldy. Olaryň arasynda gatyk, gaýmak, çig gaýmak, aýran, dürli derejeli ýagly süýt, mesge we peýnir bar. Olary öndürmek üçin enjamlar Eýrandan satyn alyndy.
Toplumyň üstünlikli işlemegi etrapda ýerli çig maldan gaýtadan işlenýän önümiň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berdi. Toplumyň hünärmenleri işi yzygiderli gowulandyrmagy, bazaryň talaplaryny ymykly öwrenip, ilatyň isleglerine laýyklykda önümçiligi artdyrmagy göz öňünde tutýarlar.