Ï Magtymguly Pyragynyň dogduk mekany – Gerkezdäki gymmatlyklar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Magtymguly Pyragynyň dogduk mekany – Gerkezdäki gymmatlyklar

view-icon 457
Magtymguly Pyragynyň dogduk mekany – Gerkezdäki gymmatlyklar
camera-icon
Andreý Pakulow

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap merkezindäki «Magtymguly Pyragy» muzeýiniň Gerkez obasynda ýerleşýän şahamçasyna baryp görenleriň kalplarynda ýatdan çykmajak ýakymly ýatlamalar, unudylmajak täsirler galýar. 

Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň dogduk mekany bolan Gerkez obasyndaky muzeý bu obada onuň adyny göterýän 3-nji orta mekdepde ilat arasynda saklanyp galan gymmatlyklary özünde jemleýän otag hökmünde döredilýär. Muzeýiň häzirki binasy akyldar şahyryň doglan gününe bagyşlanyp, 1983-nji ýylda gurlup ulanylmaga berilýär. Şol günden bäri syýahatçylaryň örän köpüsiniň gelip-giden ýeri bolan bu medeni ojagyň bosagasyndan ätläniňden, mukaddes bir öýe aýak basan ýaly duýgyny başdan geçirýärsiň. Muzeýde dana şahyryň dürli ýyllarda neşir edilen kitaplaryna uly orun berilýär. Magtymguly atamyzyň Meňlä ýasap beren ýüzügi bilen aýal dogany Zübeýda Hindistandan sowgat getirip beren çäýnegini synlamak has-da ýakymly. Bu gymmatlyklar uzak ýyllaryň dowamynda ýerli ilatyň arasynda mukaddes zatlar hökmünde saklanyp, dürli döwürlerde muzeýe ýadygärlik hökmünde gowşurylypdyr. 

Şahyryň Zübeýda üçin Hindistandan sowgat getiren çäýnegi Magtymguly Pyragynyň ýegeni Gurbandurdy Zeliliniň ogly Mämmetdöwletiň maşgalasy Hally ejäniň gyzy Nurygarry tarapyndan muzeýe sowgat berilýär, Meňlä ýasan ýüzügini bolsa etrabyň ýaşaýjysy Gurbangeldi Baýramgeldiýew öýünde saklaýan köne kitabynyň arasyndan tapyp, 1979-njy ýylda muzeýe tabşyrýar. Bu ýerdäki zatlaryň ählisi hem diýseň özüne çekiji. 

Milli egin-eşikleri, at esbaplaryny, irki döwürlerde öý hojalygynda giňden ulanylan gurallary synlanyňda-da, milli mirasymyza bolan buýsanjyň has-da artýar. Muzeýdäki gymmatlyklaryň hatarynda mynasyp orun alan, gowurdakdyr ýag saklamak üçin ulanylan depbe, uzak ýerlerden suw daşamaklyga niýetlenen suwkädi, Parhaý, Çendir jülgelerinden tapylan küýzelerdir küýze bölekleri, Monjuklydepeden tapylan X asyra degişli bolan jaňjagaz, XVII-XVIII asyrlarda däneli ekinleri saklamak üçin ulanylan hum küýze, irki döwürlerde düýe ýüňi daralan üýtgeşik darak bada-bat ünsüňi özüne çekýär. 

Tamamlanyp barýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda beýik söz ussadymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilýän häzirki günlerinde hem Gerkez obasyndaky şahamça muzeýdäki gymmatlyklara gaýtadan syn etmek hem ýakymly. Munuň özi, geçmişimize, şu günümize, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne buýsanjyňy ýene bir gez artdyrýar.