Paýtagtymyzdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda Täze ýyl konsertleriniň we dynç alyş çykyşlarynyň gerimi barha güýjeýär.
Paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny eýýäm asly türkmen eýranly Emin Rasen, özbek aýdymçysy Osman Nawruzow we Aşgabatda doglan rus estrada aýdymçysy we kompozitory Olga Şultaýs, şeýle hem ýurdumyzda meşhur aýdymçylar Annaberdi Orazmämmedow, Ahmet Atajanow, Nurýagdy Rejebow, Begmyrat Annamyradow we Rüstem Hallyýew gutladylar.
Olga Şultaýs çykyşyny teswirläp, aşgabatlylaryň öňünde aýdym-saz kompozisiýalaryny ýerine ýetirmeginiň Täze ýyl agşamynda özi üçin uly sowgatdygyny aýtdy.
Tomaşaçylar Gahryman Arkadagymyzyň «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» we «Ýaşasyn parahat durmuş!» aýdymlaryny rus dilinde ýerine ýetirişine gowy baha berdiler. Aýdymçy ildeşlerini begendirmek üçin «Ak şäherim Aşgabat» bagyşlama aýdymyny hem aýtdy.
Täze ýyl konserti dowam edýär. Ýakyn günlerde türk sahnasynyň meşhur aýdymçysy, «Altyn kebelek» baýragynyň eýesi Murat Boz we çykyş edýän döwri «Altyn kebelek» baýraklarynyň altysyny we «Kral Turkey Music Awards» dokuzysyny eýelän Gülşen Baýraktar baýramçylyk konsertinde çykyş eder.
Baýramçylyk maksatnamasynda türkmen artistleri Guwanç Ýazmämmedowyň we Eldar Ahmedowyň gatnaşmagynda tunisli aýdymçy Amani Swissi çykyş eder.
Baýramçylyk konsertiniň iň köp garaşylýan wakalarynyň biri görnükli artist Arsen Şahunsyň çykyşy bolar. Onuň ady Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň arasynda meşhurdyr, çünki hut şu ýerde, Mary şäherinde onuň aýdym-saz älemindäki şöhratly ýoly başlandy.
Arsen Şahuns joşgunly we şadyýan kompozisiýalary bilen tiz şöhrat gazandy. Onuň iň meşhur «Aý, gyz, duraweri!» aýdymy hemmäni haýran etdi. 27-nji dekabrda Paýtagtymyzdaky Gyşky oýunlar sport toplumynyň sahnasynda ady bir konsertde çykyş eder.