Ï Taslama geňeşiniň mejlisinde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we hyzmatdaşlygyň dowamy ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Taslama geňeşiniň mejlisinde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we hyzmatdaşlygyň dowamy ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 399
Taslama geňeşiniň mejlisinde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we hyzmatdaşlygyň dowamy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçy Ý.Gurbannazarowanyň we BMG-niň Türkmenistandaky Ösüş Maksatnamasynyň wekili Narine Saakýanyň, şeýle hem şu iki edaranyň degişli işgärleriniň gatnaşmagynda geçen taslama geňeşiniň mejlisiniň maksady «Adalatçynyň diwanynyň edarawi mümkinçiliklerini artdyrmak» taslamasynyň çäginde geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine baha bermek, şeýle hem mundan beýläkki ädimleri ara alyp maslahatlaşmak boldy.

Adalatçynyň diwanynda geçirilen duşuşykda taraplar bilelikdäki taslamanyň durmuşa geçirilmegi barada pikir alyşdylar we adam hukuklaryny goraýan milli guramalaryň Bütindünýä bileleşigi, Aziýa-Ýuwaş umman forumy bilen Pariž ýörelgelerine laýyklykda, Adalatçynyň kanuny mandatyny güýçlendirmek we adam hukuklary boýunça garaşsyz milli edara hökmünde Adalatçynyň diwanynyň işini giňişlendirmek ýaly iş ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Alnan netijeleri göz öňünde tutmak bilen, mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň anyk meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.