«Sungatlar çatrygy» halkara taslamasynyň çäginde Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebinde ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň we Aşgabat şäherindäki 3-nji sazçylyk mekdebiň okuwçylarynyň gatnaşmagynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli konsert geçirildi. Taslamanyň maksady – sungatyň dürli görnüşlerini birleşdirmek.
Konsertde Sergeý Rahmaninowyň «Täze ýyl popurrisi», «Gyzyl Şyrdajyk», Jo Dasseniň «Taka-taka», Nury Halmämmedowyň «Ballada», «Halk sazy» we beýleki halanylýan Täze ýyl sazlary ýaňlandy. Sazlar skripka, fleýta, fortepiano, saksafon we goboý saz gurallarynda ýerine ýetirildi.
Tomaşaçylar her bir ýaş sazandany el çarpyşmalar bilen goldadylar. Konsertden soň ýene bir ýakymly waka – «Deňiz eskizleri» bäsleşiginiň jemi jemlendi we onuň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.
Bir aý mundan ozal Çagalar çeperçilik mekdebinde Aýna Şirowanyň goboý we fortepiano üçin «Deňiz eskizleri» tapgyrynyň alty bölüminiň ýerine ýetirilendigini ýatladýarys. Bäsleşigiň şertlerine görä, ýaş suratkeşler Hazar deňziniň gözelligini wasp edýän alty saz şekilleri üçin suratlary döretmelidiler. Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary geljekki suratlaryna eskizler üçin eline galamdyr kagyz alyp, saz eserlerini diňlediler.
Bäsleşigiň netijeleri haýran edýär. Dürli usullarda – akwarel, galam, syýa, kömür, guaş we hatda ýag bilen çekilen 30-a golaý iş emin agzalaryna hödürlendi. Netijede iň gowy 12 surat saýlandy. Baýrak gowşurylyş dabarasynyň ahyrynda konserti guraýjylar çagalar üçin baýramçylyk «garyny ýagdyrdylar». Ol çagalardyr ululary begendirdi.