Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwletleriň hem-de halklaryň arasynda özara düşünişmegi, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesine daýanyp, Ýer ýüzüniň döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine dostlukly, birek-birege ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmakda toplan gymmatly syýasy tejribesi sebitde we dünýäde durnuklylygy saklamaga, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýär.
Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan hukuk derejesi iki gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy Milletler Bileleşiginiň taryhynda hem möhüm sahypa öwrüldi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 12-nji dekabr Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edildi.
Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň abadan geljegini üpjün etmek üçin biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly iň gymmatly düşünjeler bolup, ol häzirki wagtda döwletleriň we halklaryň arasynda hyzmatdaşlygyň hem-de ösüşiň baş ýörelgesine öwrülýär. Türkmenistan Bitaraplyk ýörelgesine ygrarly bolmak bilen, «Dialog — parahatçylygyň kepili» taglymatyndan ugur alyp, halkara gatnaşyklaryň parahatçylykly ýol bilen ösdürilmegine, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine uly goşant goşýar. Ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň wise-başlyklygyna saýlanylmagy, Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» hem-de «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi dünýä döwletleriniň ýurdumyza bolan ynamyny, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary syýasat strategiýasynyň, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine gönükdirilen tagallalarynyň hem-de deňhukukly we özara bähbitli oýlanyşykly başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.
Täze taryhy döwürde döwletimiziň dünýädäki ornuny has-da berkitmek, halkara hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyny, umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny giňden wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyny we halkymyzyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik we myhmansöýerlik däplerini Ýer ýüzünde şöhratlandyrmak, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek, ýaş nesli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana uly buýsanç, çäksiz söýgi we wepalylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän, parahatçylygyň, ynanyşmagyň we dost-doganlygyň ähmiýetini, onuň gadyr-gymmatyny giňden açyp görkezýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusyndan ugur alyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleri göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:
2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmeli.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy
D.Gulmanowa.
Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 27-nji dekabry.