Ï Balkanabat şäheriniň telekeçileriniň öndürýän önümleri ilatyň baýramçylyk saçaklaryny bezeýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Balkanabat şäheriniň telekeçileriniň öndürýän önümleri ilatyň baýramçylyk saçaklaryny bezeýär

view-icon 1335
Balkanabat şäheriniň telekeçileriniň öndürýän önümleri ilatyň baýramçylyk saçaklaryny bezeýär

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işjeň agzalary bolup durýan Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň işewür önümçilik düzümleri tamamlanyp barýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny ýokary zähmet görkezijilerine besleýärler. 

Olar baýramçylyk söwdalarynyň ýokary derejede guralmagynda, azyk önümlerdir dürli harytlar bilen üpjün edilmeginde hem saldamly hyzmatlary bitirýärler.

Ýeri gelende aýtsak, alyjylara hödürlenýän önümleriň köpüsiniň öz ýurdumyzda öndürilýändigi hasam guwandyryjydyr. Şeýle-de mukaddes saçaklarymyzyň bezegine öwrülip, berekedine bereket goşýan azyk önümleriniň ýokary hil derejesi, ekologiýa taýdan arassalygy, galyberse-de nyrhlarynyň elýeterlidigi buýsançly ýagdaýdyr. Bu bolsa welaýat merkeziniň telekeçileriniň tutanýerli tagallalary arkaly öndürilýän dürli görnüşli önümleriň, harytlaryň daşarky bazarlarda bäsleşige ukyplydygyny, yzygiderli artýan ösen isleglere eýe bolýandygyny aýdyň subut edýär.

Hormatly Prezidentimiziň döwlet derejesinde telekeçiler barada, raýatlar hakynda edýän ägirt uly aladalaryndan ruhlanan şäheriň telekeçileriniň gazanýan üstünlikleri-de olaryň amala aşyrýan köpugurly işlerinde anyk beýanyny tapýar. Milli ykdysadyýetimiziň telekeçilik ulgamynda abraýly ornuny barha pugtalandyrýan şeýle işewür düzümlerem Diýarymyzyň durmuş-ykdysady ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Şeýle öňdebaryjylaryň hatarynda Balkanabat şäherindäki «Altynnur zamany» hususy kärhanasyny görkezmek bolar. Kärhananyň uly Balkan dagynyň degresindäki mes toprakly Düzmergen ýaýlasynda ýerleşýän ýyladyşhanasynda ýetişdirilýän azyklyk önümiň, ter kömelekleriň hyrydarlaram hemişe ýetik. Bu ýerde islegli, arzyly önümiň iki görnüşiniň önümçiligi üstünlikli ýola goýlupdyr. Onuň öndürýän ýokary hilli kömeleklerem söwda nokatlarynyň, bazarlaryň tekjelerini bezeýär.

Ýurdumyzda iri senagat merkezleriniň biri bolan Balkanabat şäheriniň «Parfiýa gurluşyk» hususy kärhanasynyň taýýarlaýan unaş we börek önümlerem ilat arasynda uly islegden peýdalanýar. Daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ösen enjamlary bilen birkemsiz üpjün edilen bu kärhanada önümler türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilen guşgursak ak bugdaýyň unundan taýýarlanýar. Has takygy, unaş we börek önümleri degişlilikde 500 gramlyk, 1, 3, 5 kilogramlyk göze gelüwli, ýaraşykly owadan gaplarda öndürilip, dessine sarp edijilere ugradylýar. 

Täze ýyl baýramyna mynasyp sowgatlar bilen barýan kärhanada konditer önümlerini öndürmekde köp öňegidişlikleriň gazanylandygy hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. 

Welaýat merkezi Balkanabat şäherindäki ýylda gazlandyrylan alkogolsyz içgileriň 8 million 500 müň litrini, arassa agyz suwunyň 15 million litrden gowragyny öndürmäge mümkinçiligi bolan «Zürýada hyzmat» kärhanasy hem öndürijilikli işleýän kärhanalaryň biridir. Täze ýylyň öňüsyrasynda hasam artdyrylan güýç bilen zähmet çekýän kärhananyň agzybir hünärmenleri tutumly işleri amala aşyryp, Günbatar sebitiň ýaşaýjylaryny ýokary hilli, dürli görnüşli önümler bilen yzygiderli üpjün edýärler. 

Şu günlerde bolsa balkanabatly işewür telekeçileriň öndürýän bäsleşige ukyply, tagamly, bereketli önümleri ilatymyzyň baýramçylyk saçaklaryny bezeýär. Öý eýeleridir olaryň bagtyýar maşgalalarynyň agzalary bolsa ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen täze, 2025-nji ýyly mynasyp garşylamakda döredip berilýän ähli döwrebap şertler we mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyş, hoşallyk sözlerini beýan edýärler.