Ï «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanan bäsleşigiň jemi jemlenildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanan bäsleşigiň jemi jemlenildi

view-icon 1100
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanan bäsleşigiň jemi jemlenildi

Lebap welaýat kitaphanasynda welaýat «Türkmen gündogary» welaýat gazetiniň redaksiýasynyň Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komiteti, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşi bilen bilelikde 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli yglan eden «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly bäsleşiginiň jemi jemlenildi. 

Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň akyl-paýhasa, ynsanperwerlige, watansöýüjilige ýugrulan öçmejek eserleriniň çuňňur mazmunyny açyp görkezýän makalalar, goşgular we hekaýalar ugurlary boýunça yglan edilen bu bäsleşige döredijilik bilen meşgullanýan, dürli kärde zähmet çekýän ildeşlerimiziň, şeýle hem talyp ýaşlaryň uly toparynyň gatnaşmaklary aýratyn guwandyryjydyr. Bäsleşigiň netijesi boýunça Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymlary Şatlyk Hudaýnazarow we Baýram Akatow, şu ýokary okuw mekdebiniň talyplary Gülnahal Seýitkulyýewa we Nazary Bidel Wahid Nazar, Hojambaz etrabynyň ýaşaýjylary, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Bazar Şalyýew we Çaryýar Pirimkulyýew, Darganata etrabyndan Öwez Gurbanýazow we Nurguly Ýagmyrow, Dänew etrabyndan Akmyrat Jumaýew, Köýtendag etrabyndan Oral Temirow, Saýat etrabynyň Sakar şäherinden Ören Atakow ýeňiji diýlip yglan edildi. 

Bäsleşige iberilen makalalardyr edebi eserleriň Berkarar Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň edebi mirasymyza, beýik şahsyýetlerimize goýýan belent sarpasyna, milli mirasymyzy öwrenmeklik, gorap saklamak we wagyz etmek üçin döredip berýän giň şertlerine, beýik Pyragynyň eserleriniň umumadamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak ähmiýetine gönükdirilendigi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bäsleşikde ýeňiji bolan ildeşlerimize jemgyýetçilik guramalarynyň ýadygärlik sowgatlary, şeýle hem Hormat hatlary we Diplomlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.