Ï Türkmen halky 2025-nji ýyly uly ynam bilen garşylady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halky 2025-nji ýyly uly ynam bilen garşylady

view-icon 5545
Türkmen halky 2025-nji ýyly uly ynam bilen garşylady

Şu gün Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar halky ýetip gelen täze ýyly uly umyt-arzuwlar bilen garşy alýar.

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde medeniýet we sungat ussatlarynyň, teatr artistleriniň çykyşlary guraldy. Bezelen arçalar, çagalaryň şadyýan sesleri hemmeleriň söýgüli baýramyna özboluşly öwüşgin çaýdy. 2025-nji ýyly uly şatlyk-şowhun bilen garşylaýan paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada hem-de “Ylham” seýilgähinde ýurdumyzyň belli estrada aýdymçylary çykyş etdiler. Ýerine ýetirilen aýdymlarda täze taryhy eýýamda Watanymyzyň ýeten sepgitleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşy wasp edildi. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak babatda başyny başlan işleriniň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygarynyň many-mazmuny halkymyzyň watançylyk ruhuny belende göterip, ýurdumyzyň şöhratyny we halkara abraýyny has-da ýokarlandyrdy, watandaşlarymyzy täze üstünliklere ruhlandyrdy. Mälim bolşy ýaly, Magtymguly Pyragynyň ömür-döredijiligini öwrenmek, dünýäde wagyz etmek maksady bilen, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň beýik şahyra bagyşlap ýazan goşgusyndan ugur alnyp, 2024-nji ýyl “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip atlandyrylypdy. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýurdumyzda we halkara derejede giňden bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzyň günorta böleginde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň açylmagynyň, Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň üstünlikli geçirilmeginiň ähmiýetini nygtamak gerek.

Akyldar şahyryň ömür we döredijilik ýoluny çuňňur öwrenmek boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan işler abraýly halkara guramalaryň, dünýä ýurtlarynyň uly goldawyna eýe boldy. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etdi, şahyryň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Şeýle hem Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Bularyň ählisi umumadamzat ähmiýetli eserleri bilen dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren beýik şahyryň gymmatly mirasyny wagyz etmekde möhüm ädim boldy. Şeýlelikde, Magtymgulynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli 2024-nji ýylyň dowamynda döwlet we halkara derejede möhüm çäreler, şol sanda ylmy maslahatlar, döredijilik hepdelikleri, duşuşyklar, film görkezilişleri, sahna oýunlary, edebi agşamlar, bäsleşikler geçirildi. BMG-niň Nýu-Ýorkdaky we ÝUNESKO-nyň Pariždäki ştab-kwartiralarynda, köp sanly abraýly halkara, sebit düzümleriniň çäklerinde dünýä derejeli beýik söz ussadynyň hormatyna dabaraly çäreler guraldy.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, gyzyklanma bildirýän ýurtlar we halkara guramalar bilen giň hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty uly üstünliklere beslendi. Bütin adamzadyň bähbitlerini göz öňünde tutýan şeýle syýasatyň netijeleri halkara düzümleriň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäginde giň goldawa eýe bolýar hem-de Milletler Bileleşiginiň anyk Kararnamalarynda aýdyň beýanyny tapýar. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2024-nji ýylda ýurdumyzyň teklibi boýunça sebitde we dünýäde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň, abadançylygyň bähbidine gönükdirilen birnäçe Kararnamalaryň kabul edilendigini bellemek gerek. Munuň özi Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki belent abraýynyň hem-de hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasat ugrunyň halkara bileleşik tarapyndan giň goldaw tapýandygynyň beýanydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Köpetdagyň ajaýyp künjeginde bina edilen Arkadag şäherine üç sylagyň — “Iň tapawutlanan “akylly” şäher”, “Daşary ýurt “akylly” şäheri”, «World Smart City Expo 2024» halkara sergisine goşan uly goşandy üçin» diýen sylaglaryň berilmegi, şeýle hem Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragyna, «Hil saýlawy — 2024» nyşany bolan «Diamond» derejesine mynasyp bolmagy tamamlanan ýylyň möhüm wakalarynyň hatarynda boldy. Bu ýyl hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Milli Liderimiziň ady bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan uly zähmet ýeňişlerine beslendi. Milli we döwlet maksatnamalary, iri halkara, sebit ähmiýetli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” hem-de “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda” göz öňünde tutulan wezipelere laýyklykda, ençeme medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardyr binalar, inženerçilik ulgamlary, awtomobil ýollary we beýlekiler ulanmaga berildi.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki uzynlygy 177 metrlik demir ýol köprüsi ulanmaga berildi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň, “Turgundy” demir ýol bekediniň “gury portunda” ammarlar toplumynyň hem-de Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga berildi. Söwda-ykdysady, oba hojalygy, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda hem uly üstünlikler gazanyldy. Bu pudaklarda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary we talyplar halkara ders, internet bäsleşiklerinde ýokary netijeleri görkezip, jemi 821 medal gazandylar. Şunuň bilen bir hatarda, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça işler dowam etdirildi. Türgenlerimiz halkara ýaryşlaryň 174-sine gatnaşyp, dürli derejeli medallaryň 616-syny gazandylar. Arkadag şäherinde geçirilen VI Wena baly, TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň II teatr festiwaly hem-de onuň çäklerinde TÜRKSOÝ-nyň Muzeýler birleşiginiň agzalarynyň jemleýji maslahaty, ýazyjylaryň duşuşygy, suratkeşleriň maslahaty ýurdumyzyň medeni dialogy ilerletmek boýunça durmuşa geçirýän işleriniň nobatdaky beýany boldy.

27-nji dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabyny ýazyp tamamlandygyny habar berdi. Bu kitabyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda neşir edilmegi akyldar şahyryň edebi mirasyna goýulýan sarpanyň nobatdaky beýany hem-de halkymyza ajaýyp Täze ýyl sowgady boldy.

Täze — 2025-nji ýyl hormatly Prezidentimiz tarapyndan makullanan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda geçer. Bu şygar täze taryhy döwürde döwletimiziň dünýädäki ornuny has-da berkitmek, halkara hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyny, umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny giňden wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyny we halkymyzyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, myhmansöýerlik däplerini Ýer ýüzünde şöhratlandyrmak, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek maksady bilen, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän, parahatçylygyň, ynanyşmagyň we dost-doganlygyň ähmiýetini, onuň gadyr-gymmatyny giňden açyp görkezýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusyndan ugur alnyp öňe sürüldi.

Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen, 86 döwletiň awtordaş bolup çykyş etmeginde 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip biragyzdan yglan etdi. Munuň özi halkara gatnaşyklarda döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ähmiýetiniň yzygiderli ýokarlanýandygyny aýdyň görkezýär.

...Ine, şeýle uly üstünlikler bilen biz täze — 2025-nji ýyly garşylaýarys. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda geçjek bu ýyl hem ýurdumyzyň taryhynda täze sahypany açar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda hem-de Söwda-senagat edarasynda geçirilen Täze ýyl dabaralaryna gatnaşyp, bagtyýar çagalaryň şatlygyny paýlaşmagy ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesil baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini görkezdi.

Ýurdumyzyň dürli reňkli yşyklar bilen ýalkym saçýan Baş arçasynyň ýanynda paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary ýygnandylar. Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň wekilleri döwrebap aragatnaşyk serişdeleriniň kömegi bilen teleköpri arkaly bu dabara gatnaşdylar. Baýramçylyk äheňinde bezelen “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada aýdym-sazlar ýerine ýetirildi. Çagalar döredijilik toparlary, folklor toparlary, meşhur estrada artistleri öz ussatlyklaryny görkezdiler.

Dabaranyň alypbaryjysy ähli ildeşlerimiziň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda geçjek täze ýyl bilen gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde üstünlikleri arzuw edýärler. Soňra alypbaryjy paýtagtymyzy Arkadag şäheri we welaýat merkezleri bilen baglanyşdyrýan baýramçylyk teleköprüsiniň başlanandygyny yglan edýärler.

Göni aragatnaşyk ýurdumyzyň dürli sebitleriniň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň ýaşaýjylaryny birleşdirdi, olar birek-birege baýramçylyk gutlaglaryny beýan etdiler. Hormatly ýaşulular, häkimler, Arkadag şäheriniň we paýtagtymyzyň, welaýatlaryň wekilleri döwlet Baştutanymyzy hem-de Gahryman Arkadagymyzy Täze ýyl bilen gutlaýarlar. Ajaýyp aýdymlar belentden ýaňlanýar, şowhunly tanslar ýerine ýetirilýär.

Täze ýyl teleköprüsini Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagty jemleýär. “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada ýygnanan Aşgabadyň ýaşaýjylary, şeýle hem ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi ähli ildeşlerimize rowaçlyk, bagtyýarlyk arzuw edýärler. Olara aýdymçylar hem öz çykyşlary bilen goşulýarlar.

Dabaranyň alypbaryjysy Türkmenistanyň hemişe gülläp ösmegi, halkara abraýynyň ýylsaýyn belende galmagy, halkymyzyň döredijilikli zähmet çekmegi baradaky arzuwlaryň Arkadag şäheriniň, welaýatlaryň we paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň Täze ýyl mynasybetli beýan eden gutlaglarynyň içinden eriş-argaç bolup geçýändigini bellediler.

Ähli türkmenistanlylaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Liderine Watanymyz, halkymyz baradaky edýän aladalary üçin çäksiz hoşallyk bildirildi. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary bilen geçjek 2025-nji ýylda-da hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine gönükdirilen giň gerimli işleriň rowaçlyklara beslenjekdigine ynanýarys.

Teleköpriniň dowamynda esasy pursat ýetip gelýär: hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow göni ýaýlymda Türkmenistanyň halkyna Täze ýyl gutlagy bilen ýüzlenýär. Paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde hem-de welaýatlarda dabara gatnaşyjylar, ähli ildeşlerimiz döwlet Baştutanymyzyň çykyşyny uly üns bilen diňlediler.

Sanlyja pursatdan sagadyň dilleri 12-ni görkezdi. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.

Soňra baýramçylyk feýerwerki Aşgabadyň asmanyna ýalkym saçdy. Türkmenistan ýagşy umyt-arzuwlar bilen 2025-nji ýyla gadam basdy. Goý, täze ýyl ýurdumyza täze üstünlikleri getirsin!