Ï Nusgawy gitara boýunça okuw kitaby neşir edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Nusgawy gitara boýunça okuw kitaby neşir edildi

view-icon 838
Nusgawy gitara boýunça okuw kitaby neşir edildi
Nusgawy gitara boýunça okuw kitaby neşir edildi
Nusgawy gitara boýunça okuw kitaby neşir edildi
Nusgawy gitara boýunça okuw kitaby neşir edildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda nusgawy gitara boýunça okuw kitaby bilen tanyşdyrmak çäresi boldy.

Bu özboluşly gollanmany talyplara awtorlar – saz taryhy bölüminiň mugallymy Myrat Gurbanow we Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 3-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymy Leýli Nasyrowa görkezdiler.

Çäre Myrat Gurbanowyň kitaba girizilen taryhy maglumatlar hakyndaky gürrüňleri bilen başlandy. Ol ýaş sazandalara nusgawy gitaranyň döreýşi we ösüşi, taryhy prototipleri, şeýle hem taryhy Galkynyş zamanasyndan şu güne çenli dürli döwürleriň ajaýyp ýerine ýetirijileri we kompozitorlary barada gürrüň berdi.

– Bu, nusgawy gitara barada Türkmenistanda neşir edilen ilkinji döwrebap okuw kitabydyr. Ol çagalar sazçylyk mekdepleriniň we çeperçilik mekdepleriniň okuwçylary üçin niýetlenendir – diýip, Leýli Nasyrowa gürrüň berdi. – Kitapda dürli derejeli ýaş gitaraçylar, uly görnüşli eserler, miniatýuralar, polifonik kompozisiýalar, şeýle hem türkmen kompozitorlarynyň eserlerini öz içine alýan giňişleýin okuw repertuary bar.

Türkmenistanda häzirki zaman gitara sungatyna bagyşlanan bu çäräniň dowamynda ýaş gitaraçylar – sazçylyk mekdepleriniň okuwçylary we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýanyň talyplary öz ussatlyklaryny görkezdiler.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýanyň rektorynyň ylmy işler boýunça orunbasary Baýmyrat Gutlymyradow we saz taryhy bölüminiň müdiri Bahar Ýakubowa dagy awtorlary kitabyň neşir edilmegi bilen gutladylar we sazçylyk mekdepleriniň okuwçylaryna, konserwatoriýanyň talyplaryna ýerine ýetiriş ussatlyklaryny ösdürmegi we täze sepgitlere ymtylmagy arzuw etdiler.

2024-nji ýylda neşir edilen nusgawy gitara baradaky okuw kitaby ýurtdaky çagalar sazçylyk mekdepleriniň okuwçylary üçin hakyky sowgat boldy. Bu gollanmada awtorlar Türkmenistanyň halk sazlaryny nusgawy gitara üçin täzeden işläpdirler. Bu bolsa kitabyň gymmatyny we ähmiýetini has-da artdyrýar.