Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň “Magtymguly — dünýäniň akyldary” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Magtymguly — dünýäniň akyldary” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

view-icon 1708
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Magtymguly — dünýäniň akyldary” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

Täze, 2025-nji ýylyň — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň bosagasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2024-nji — “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň jemlenmegi bilen baglylykda, “Magtymguly — dünýäniň akyldary” atly kitabynyň çapdan çykmagy ähli halkymyz we giň okyjylar köpçüligi üçin bahasyna ýetip bolmajak ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy. Täze ýylyň ilkinji günlerinden täze kitabyň tanyşdyrylyş dabaralaryna badalga berildi. Şu gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Magtymguly — dünýäniň akyldary” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz 27-nji dekabrda geçiren Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda taryhy özgertmeleriň durmuşa geçirilendigini, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň has-da rowaçlanandygyny, türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýunyň halkara derejede giňden toýlanandygyny kanagatlanma bilen belledi we şu ýylyň jemlenmegi bilen bagly “Magtymguly — dünýäniň akyldary” atly kitabyny ýazyp tamamlandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz öz eserinde beýik söz ussadynyň edebi mirasynyň, dünýä edebiýatyna goşan ägirt uly goşandynyň, şahyryň ýubileý toýy bilen bagly geçirilen çäreleriň giňden beýan edilýändigini, şeýle hem ýurdumyzda ýetilen sepgitleriň, gazanan üstünliklerimiziň jeminiň jemlenýändigini belledi.

Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylaryň çykyşlarynda, ilki bilen, şeýle ajaýyp kitaby sowgat edendigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk we alkyş sözleri aýdyldy hem-de döwlet Baştutanymyzyň eserleriniň höwrüniň köp, galamynyň has-da ýiti bolmagy arzuw edildi.

Täze kitabyň ilkinji sahypalarynda Magtymguly Pyragynyň “Türkmeniň” hem-de Gahryman Arkadagymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýen ajaýyp şygyrlary ýerleşdirilipdir. Kitapda türkmen halkynyň durmuşynda, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynda Magtymguly Pyragynyň eýeleýän orny giňişleýin açylyp görkezilýär. Şeýle-de akyldaryň döredijiliginiň we durmuş ýolunyň ylmy esasda öwrenilişi, pähim-paýhasly şygyrlarynyň dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakdaky ähmiýeti, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýen ajaýyp şygara beslenen 2024-nji ýylda beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesine bagyşlanyp geçirilen halkara çäreler barada söhbet edilýär. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň halkymyza sowgat eden nobatdaky kitaby ylmyň we çeper edebiýatyň muşdaklaryna, Magtymgulynyň edebi mirasyny öwrenijilere hem-de giň jemgyýetçilige niýetlenilendir.

Kitabyň mazmuny “Magtymgula düşünmegiň açary”, “Magtymguly Pyragy mekdebi we türkmen magtymgulyşynaslary”, “Pähim-paýhas ummany”, “Parahatçylygyň şahyry”, “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň şahyry”, “Halk ýadyndan aýrylma”, “Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen bagly kabul edilen resminamalar, gutlaglar we çykyşlar” we “Hakyň hem hakykatyň ýolunda” atly bölümleriň sekizisinde beýan edilýär. Kitap ýokary çaphana usulynda neşir edilip, üç dilde — türkmen, rus we iňlis dilleriniň hersinde aýratyn kitap görnüşinde giň halk köpçüligine ýetirildi. Onuň sahypalarynda şekillendiriş sungatynyň dürli eserleriniň suratlary-da ýerleşdirilip, kitap owadan fotosuratlar bilen hem bezelipdir.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda täze kitabyň mazmuny baradaky çykyşlaryň bu eserden bölekleriň mysal getirilmegi arkaly beýan edilmegi has-da täsirli boldy. Täze kitabynda hormatly Prezidentimiz beýik akyldara çuň paýhas, ýiti zehin bilen düşünmegiň zerurdygyna ünsi çekýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatlylyk bilen belleýşi ýaly, “Magtymguly bir ummandyr, düýbüne çümmeseň, onuň dürlerini çöpläp bilmersiň. Magtymguly bir asmandyr, ýyldyz bolup beýgelmeseň, onuň belentligine göz ýetirip bilmersiň. Magtymguly bir ynsandyr, beýik häsiýetlere еýе bolmasaň, onuň kämilligine akyl ýetirmek mümkin däldir”.

Döwlet Baştutanymyzyň “Magtymguly — dünýäniň akyldary” atly täze işinde beýik akyldar şahyrymyzyň ömrüni, edebi mirasyny öwrenmäge goşant goşan zehinli alymlaryň, professorlaryň, edebiýatçylaryň, daşary ýurtly bilermenleriň atlarynyň agzalyp, olaryň bitiren işlerine baha berilmegi aýratyn bellärliklidir. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Permany bilen döredilen “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyna we beýleki hormatly atlara, nyşanlara mynasyp bolanlaryň ählisiniň sanawyny, şahyryň 300 ýyllyk baýramy mynasybetli beýleki resminamalary özünde jemlän bu eser “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyndan geljekki nesillere özboluşly ýadygärlikdir diýip, çykyş edenler aýtdylar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz täze kitabynda: “Magtymgulynyň edebi mekdebini dowam etdirijiler, akyldar şahyryň çeper keşbini öz eserlerinde beýan edijiler bilen birlikde, dana Pyragynyň ylmy-edebi mirasyny öwrenijiler hem aýratyn ýatlanylmaga mynasyp. Aslynda, her bir türkmen magtymgulyşynasdyr. Her bir türkmen ömrüniň dowamynda Magtymgula düşünmäge çalyşýar. Magtymgulynyň sözleri, öwüt-ündewleri bilen ýaşaýar” diýip belleýär. Döwlet Baştutanymyzyň täze kitaby türkmen halkynyň ajaýyp oglunyň, şahyrynyň we akyldarynyň baý edebi mirasyna akyl ýetirmegiň açarydyr.