Her ýyl gyşky dynç alyş günlerinde paýtagtymyzda ýurdumyzyň ähli künjeklerinden çagalaryň gatnaşmagynda Täze ýyl dabaralarynyň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Şu gün Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda Gulbaba adyndaky çagalar baýragyna mynasyp bolanlary sylaglamak dabarasy geçirildi.
Umumymilli we halkara derejede geçirilýän çagalar bäsleşikleridir festiwallary ösüp gelýän ýaş nesliň döredijilik başarnyklaryny ýüze çykarmaga we goldamaga, sungatyň dürli görnüşlerine höweslerini artdyrmaga, milli medeniýetimiziň däpleriniň dowamatlylygyny üpjün etmäge ýardam berýär. Islendik bäsleşik synaglar we başlangyçlar, batyrgaý gözlegler üçin giň meýdança döredýär, çagalary öz zehinlerini açmaga höweslendirýär.
Her ýyl ýurdumyzyň ähli sebitlerinden 18 ýaşa çenli mekdep okuwçylary Gulbaba adyndaky baýragy almak ugrundaky bäsleşige gatnaşýarlar. Olar ýaş zehinler — ders olimpiadalarynyň, zehin we döredijilik bäsleşikleriniň, sport ýaryşlarynyň ýeňijileridir. Bäsleşigiň düzgünlerine laýyklykda, ilki etrap we welaýat derejesindäki tapgyrlar geçirilip, olaryň ýeňijileri bolsa döwlet tapgyryna gatnaşýarlar. Şu ýyl iň zehinli çagalaryň 90-sy hem-de çagalar döredijilik toparlarynyň 2-si bu baýraga mynasyp boldy.
Ýaş nesliň sazlaşykly ösmegini gazanmak durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biridir. Munuň özi ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasatynda öz beýanyny tapýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaş nesliň döredijilik ukyplaryny we zehinini ýüze çykarmak üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şu maksatdan ugur alnyp, Türkmenistanda bilim, saglygy goraýyş, bedenterbiýe we sport ulgamlaryny kämilleşdirmek boýunça maksatnamalar amala aşyrylýar, şäherlerdir obalarda çagalaryň we ýaşlaryň sungat dünýäsine has içgin aralaşmaklary üçin şertler döredilen döredijilik merkezleri, ýörite sungat mekdepleri, medeniýet öýleri hereket edýär, seýilgähler döredilýär. Şeýlelikde, iň gowy zatlary çagalara bagyş etmek, olara aýratyn üns-alada, söýgi bilen garamak ýaly ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öz mynasyp dowamatyny tapýar. Munuň özi ýaşajyk türkmenistanlylaryň köptaraply zehinini açmaklary üçin mümkinçilikleri döredýär, ýurdumyzyň we dünýä medeniýetiniň gazananlaryny özleşdirmäge höweslerini artdyrýar. Olar ýakyn geljekde ýurdumyzyň medeni ösüşine mynasyp goşantlaryny goşarlar.
...Zehinli oglan-gyzlary olaryň şatlygyny paýlaşmak üçin Söwda-senagat edarasyna ýygnanan köp sanly deň-duşlary we ýakynlary mübärekleýärler.
Dabaranyň öňüsyrasynda wideofilm görkezildi. Onda zehinli oglanjyk Gulbabanyň üç ýaşyndan başlap dutar çalandygy hem-de öz döreden aýdymlaryny ýerine ýetirip, türkmen saz sungatynda unudylmajak yz galdyrandygy barada gürrüň berilýär.
Bäsleşigiň guramaçylary çärä gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda dabaraly ýagdaýda ýeňijileriň atlaryny yglan etdiler. Olara gymmat bahaly sowgatlar we diplomlar gowşuryldy. Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýaş zehinleri ýakyn geljekde ýaşuly nesliň döredijilik ýoluny dowam etdirerler we ýaş türkmen sazandasy Gulbaba Akyýewiň öz döwründe görkezen göreldesine eýerip, ajaýyp sungaty bilen Watanymyzyň şöhratyny artdyrarlar.
Bu ajaýyp döredijilik bäsleşigine gatnaşan çagalaryň ählisine geljekde hem dürli çäreleredir ýaryşlara işjeň gatnaşmaga, öz döredijiliginde iň ýokary maksatlaryna ýetmäge we ýeňiş gazanmaga höweslendirmek maksady bilen ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Ýeňijileriň hormatyna ýaşajyk artistler, orta mekdepleriň okuwçylary we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän çagalar çykyş etdiler. Körpeler öz çykyşlarynda gülläp ösýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda — bagtly çagalygyň ýurdunda ýaşamak hem-de bilim almak ugrunda döredilýän mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.