Ï Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar

view-icon 762

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňize täze, 2025-nji ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmek meniň üçin ýakymlydyr. Täze ýylda ähli gowulyklary, Ýer ýüzünde parahatçylygyň hem-de howpsuzlygyň berkarar bolmagyny, dünýäniň halklaryna bolsa rowaçlyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, ýurtlarymyzyň we olaryň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösüşe beslenmegini arzuw edýärin.

Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabah,

Kuweýt Döwletiniň Emiri.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Täze ýyl mynasybetli iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Hamad bin Isa Al Halifa,

Bahreýniň Patyşasy.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Täze ýylda Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk arzuw edýärin.

Mohammed VI,

Marokkonyň Patyşasy.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Täze ýylyňyz gutly bolsun! Goý, Täze ýyl hemmämize uly ruhubelentlik getirsin!

Filipp VI,

Ispaniýanyň Patyşasy.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Täze ýyl mynasybetli iberen gutlag hatyňyz we tüýs ýürekden arzuwlaryňyz üçin hoşallyk bildirýärin hem-de pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk arzuw edýärin.

Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri 

Salman ben Abdelaziz Al Saud,

Saud Arabystanynyň Patyşasy.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Täze ýyl mynasybetli iberen gutlag hatyňyz we tüýs ýürekden arzuwlaryňyz üçin hoşallyk bildirýärin hem-de pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk arzuw edýärin.

Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud,

Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy,

Ministrler Kabinetiniň Başlygy.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi täze, 2025-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

2024-nji ýylyň Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we netijeli hyzmatdaşlygyň täze sepgitlerine beslenendigini, doganlyk halklarymyzyň arasyndaky umumy bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilendigini bellemek isleýärin. Ýetip gelen ýylda hem hyzmatdaşlygymyzyň iki dostlukly ýurduň abadançylygynyň bähbidine dowam etdiriljekdigine ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, döwlet işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa rowaçlyk we bagtyýarlyk arzuw edýärin!

Goý, täze ýyl Size we Siziň halkyňyza nurana günleri hem-de uly mümkinçilikleri getirsin!

Hormatlamak bilen,

Olžas Bektenow,

Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Täze, 2025-nji ýylyň ýetip gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy, şeýle hem berk jan saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk, dostlukly Türkmenistanyň halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn. Goý, şu ýyl ählumumy parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň ýyly bolsun!

Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da ösdüriljekdigine hem-de pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn.

Fahad Al-Said,

Oman Soltanlygynyň Premýer-ministriniň orunbasary.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz,

Täze, 2025-nji ýylyň ýetip gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge rugsat ediň!

Goý, bu ýyl Siziň beýik başlangyçlaryňyz bilen doganlyk Türkmenistan üçin rowaçlygyň, rysgal-berekediň we ähli ulgamlarda ägirt uly üstünlikleriň ýyly bolsun!

Siziň Alyhezretiňize Beýik Biribardan berk jan saglyk, uzak we bagtyýar ömür, doganlyk türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işleriňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin.

Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Siziň doganyňyz,

Faýsal bin Naser bin Hamad Al Tani,

Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy.