Türkmenistanyň at gazanan artisti, pianinoçy Wladimir Mkrtumow nusgawy saz muşdaklary üçin rus kompozitorlarynyň eserlerinden düzülen «Gyş ertekisi» atly özboluşly konsert taýýarlady.
Sazandanyň özüniň aýtmagyna görä, häzirki Täze ýyl günlerinde Modest Musorgskiniň «Sergiden suratjyklar», Nikolaý Metneriň «Üç erteki», Sergeý Prokofýewiň «Garry mamanyň ertekileri» we Igor Strawinskiniň «Petruşka» baletinden Üç bölek» ýaly eserleri jadylaýjy hem-de gyş rahatlygy duýgusyny döreder.
Saz miniatýuralary, nepis we näzik kompozisiýalar diňleýjileri Täze ýyl jadysy ruhuna dolan halk baýramlary ruhy älemine atarar. Konsert sazlar älemine aralaşmaga, gündelik aladalaryndan saplanmaga we ajaýyp nusgawy sungat eserlerinden lezzet almaga mümkinçilik döreder.
Konsert 12-nji ýanwarda sagat 18:00-da «Aşgabat» seýilgähiniň medeniýet merkeziniň konsert zalynda bolar. Giriş peteklerini satyn almak üçin 22-38-98, +99363 467177/514157, +99361 338829, +99364 037456 belgili telefonlara jaň etmeli.